Habarlar
Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Türkmenistanda otly peteklerini indi Döwlet hyzmatlary portaly arkaly onlaýn satyn alyp bolýar
Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly otly petekleriniň satuwyna başlady. Bu barada hyzmatlaryň resmi portaly habar berdi. Indi Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň web sahypasyndan we EGOVTM ykjam programmasyndan kassada nobata durmazdan otly petegini onlaýn ýagdaýda satyn alyp bilersiňiz. Häzirki wagtda petekler IOS we Android programmalarynda hem ýerleşdirildi.

Türkmenistan we Özbegistan halkara awtoulag gatnawlary boýunça gepleşikler geçirdiler
2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda göni wideo aragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň we Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň wekilleriniň arasynda ulag boýunça türkmen-özbek işçi toparyň nobatdaky gepleşikleri geçirildi.

Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara geçelgesindäki hyzmatlar sanlylaşdyrylar
«TRACECA» halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gatnaşyjy ýurtlar Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara multimodal ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça Iş toparyny döretmek kararyny goldadylar.

Türkmenistan we Gazagystan halkara awtoulag daşamalaryny artdyrmagy meýilleşdirýärler
Halkara awtoulag daşamalaryny mundan beýläk-de artdyrmagyň we ösdürmegiň meseleleri awtoulag ulagy boýunça türkmen-gazak Bilelikdäki komsissiýasynyň nobatdaky mejlisiniň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-da Aziýany we Ýewropany birikdirýän ulag taslamalarynyň geljeginiň meseleleri maslahatlaşyldy
DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty Aziýany Ýewropa bilen birikdirýän ulag-üstaşyr taslamalaryň mümkinçiliklerine, şeýle hem bu başlangyçlardaky Türkmenistanyň ornuna bagyşlanan ylmy-amaly maslahatynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Daşary ýurtlular we Türkmenistanyň raýatlary üçin «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň petekleriniň bahasy deň bolar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Russiýadan Türkmenistana uçuş nyrhlaryna üýtgeşmeler girizdi. Indi Türkmenistanyň raýatlary we daşary ýurtlular üçin petekleriň bahasy bir bolar

Awtoulag sürüjisi ýaşaýyş zolagynda nähili hereket etmeli
Sürüjileriň köpüsi ýaşaýyş jaýly ýerlere ýa-da öz ýaşaýyş jaýlarynyň çägine girip ýol hereket kadalaryna eýermäge arkaýyn çemeleşýärler. Bu ýagdaýlarda hereket düzgünleriniň bozulmagy hem jerime çärelerine getirip bilýär.

«Turkish Airlines»-iň Mary welaýatynda satuw bölümi açyldy
Mary welaýatynda «Turkish Airlines»-iň resmi satuw bölümi açyldy. Bu barada «Merw News» habar berdi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna «ECO port» şahadatnamasy alnar
24-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabatynyň çäklerinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen işler barada hem habar berdi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.