Habarlar
Habarlar

«LEBAPAWTOULAG» ÖNÜMÇILIK BIRLEŞIGINIŇ IŞLERI ILERI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag-ýol ulgamynda Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde uly ösüşler gazanylýar. Güneşli Diýarymyzyň şäherlerinde we obalarynda halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary amatlylykly awtobuslar, taksiler ýolagçylara hyzmat etseler, kuwwatly ulaglar halk hojalygy üçin ähmiýetli bolan ýükleri daşaýarlar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Stambula her gün gatnar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Stambul ugry boýunça we yzyna uçuşlaryň ýygylygyny artdyrýar. 25-nji martdan başlap awiakompaniýa bu ugurda uçuşlary her gün amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Petekler awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda satylýar.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi we «Thales Alenia Space» kompaniýasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy
22-nji fewralda, Aşgabatda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen kosmos pudagynda ýöriteleşen howa giňişligi enjamlaryny öndürýän fransuz «Thales Alenia Space» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Aşgabat — Pekin — Aşgabat howa gatnawy mart aýynda gaýtadan ýola goýlar
2023-nji ýylyň 19-njy martyndan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Pekin — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlary ýerine ýetirip başlar. Bu barada «Turkmenportala» awiakompaniýa tarapyndan habar berildi. Awiakompaniýa eýýäm uçuşlar üçin petekleriň satuwyna başlady.

Türkmenbaşy ― Baku aralygyndaky gämi gatnawynyň bahasy arzanlaýar
Sputnik agentliginiň habaryna görä, 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan «Azerbaýjan Hazar deňiz daşaýyş» (ASCO) ÝGPJ Baku ― Türkmenbaşy ― Baku aralygynda gatnawlaryň bahasyny arzanladar.

AÖB Türkmenistanyň ulag we energiýa pudaklaryna $625 million maýa goýdy
Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB) 2000-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň ulag we energetika pudaklaryndaky iki maýa goýum taslamasy üçin 625 million ABŞ dollaryny bölüp berdi diýip, AÖB-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň Direktory Artur Andrisýak sişenbe güni "Trend" agentligine beren interwýusynda mälim etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş sapary
25-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda 32,64% artdy
Eýranyň senenamasynyň birinji on aýynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 389,65 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we döredijilik taglymlaryny dünýä ýaýýar
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu strategiýa laýyklykda, Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar we taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýeňil awtoulaglara sürüjileri işe çagyrýarys!
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň "Lebapawtoulag" önümçilik birleşigi ýeňil awtoulaglarda sürüji bolup işlemäge isleg bildirýän “A,B” sürüjilik derejesi bar bolan raýatlary aşakdaky günlerde söhbetdeşlige kabul edýär:

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.