Habarlar
Habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman megapolisi bolan Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, gurluşyk üçin niýetlenen ýer bölekleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Türkmenistan we Gazagystan Hytaýdan Eýrana uzaýan ulag geçelgesini ösdürer
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda «Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran» ulag geçelgesini ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy. Degişli ylalaşyk hakynda Aşgabatda geçirilen Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gazak iş toparynyň birinji mejlisiniň dowamynda mälim edildi. Bu barada Gazagystanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
8-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
BMG-da ilkinji gezek Bütindünýä durnukly ulag güni bellenildi
BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş bu sene mynasybetli gutlagynda abadan geljegi gurmak wezipesiniň ekologiýa taýdan arassa ulag ulgamlaryna baglydygyny belledi.
«Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatyna gatnaşyjylara
Siziň ähliňizi «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň futzal topary Türkmenistanyň naýbaşy ligasynda ýeňiji boldy
Çempionatyň jemleýji tapgyrynda “Denizçi” toparynyň futzalçylary “Migrasiýa” toparyny 5: 2 hasabynda ýeňip, jemi 52 utuk toplady. Şeýlelikde, "Deňizçi" Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň "Kopetdag" toparyndan 1 utuk öňe saýlandy. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy 40 utuk bilen çempionatyň bürünç medalyna eýe boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Ol bu toparyň nobatdaky ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin, öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi.
Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar
Aşgabat şäherinde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty sişenbe güni tamamlandy. Dünýä çempionatynyň jemleri boýunça türkmen türgenleri 15 medal gazandylar.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
6-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.
“Öý ojagyň gelşigi, maşgala mukaddesligi” atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edara binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde gurnamagynda “Öý ojagyň gelşigi, maşgala mukaddesligi” atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.