Habarlar
Habarlar
Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi
Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 61-nji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Aşgabatda taksi awtoulaglaryna sürüjiler kabul edilýär
"Awtomobil ulag hyzmaty" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti "BC" topara degişli sürüjilik şahadatnamasy we sürüjilik tejribesi bolan sürüjileri ýeñil taksi awtoulaglaryna işe kabul edýär.
Türkmenistanda «Amul ― Hazar 2024» halkara awtoralli ýaryşyny geçirmek meýilleşdirilýär
Şu ýylyň 9 ― 15-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanda «Amul ― Hazar 2024» halkara ralli-reýdini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan iş saparynyň çäklerinde teklip berildi.
Ýewropanyň raýat awiasiýasy konferensiýasy türkmenistanly hünärmenler üçin okuw geçirýär
Ýewropanyň raýat awiasiýasy konferensiýasy 1-3-nji aprel aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň raýat awiasiýa edaralarynyň we howa menzilleriniň hünärmenleri üçin awiasiýa howpsuzlygy boýunça okuw geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygyny kabul etdi
9-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwilini kabul etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
1-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi adamzadyň ahlak we ruhy päkligini dünýä ýaýýan gadymy baýramlaryň biri bolan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Tokioda Türkmenistanyň EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Milli pawilýony bilen tanyşdyryldy
Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen türkmen-ýapon işewürlik forumynyň üçünji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Osakada geçiriljek EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Milli pawilýony bilen tanyşdyryldy.
Brýusselde geçirilen brifingde Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekiliniň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Brifinge Ýewropanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ylmy-analitika merkezleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy.
15-nji aprelden Gazagystanyň ýük daşaýjylary Özbegistanyň elektron nusgadaky rugsatnamalaryny alyp bilerler
15-nji aprelden Gazagystan we Özbegistan ýük daşamak üçin rugsatnamalary elektron görnüşde alşyp başlarlar. Gazagystanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy häzirki wagtda ýurtlaryň arasynda degişli Ähtnama gol çekilendigini habar berýär. Şol bir wagtyň özünde hem, rugsatnamalaryň Gazagystan bilen Özbegistanyň serhedinden geçilen wagty gönüden-göni beriljekdigi mälim edildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.