Habarlar
Habarlar

BITARAPLYK ÝOLY – DÜNÝÄ NUSGA GÖRELDÄMIZ
Türkmenler asyrlaryň dowamynda dagynyklygyň, daşky çozuşlaryň jebrini çekipdirler, beýik Pyragy aýtmyşlaýyn, öz döwlet binalaryny gurup, saýasynda erkin ýaşamagyň arzuwyny edipdirler. Şol sebäpli bitaraplygyň esasy häsiýetnamalary parahatçylyk söýüjilik, sabyr takatlylyk, başgalaryň garaýyşlaryna sarpa goýmak, dünýä üçin açyk bolmak olaryň ruhuna mahsusdyr we düşnüklidir.

KÄMILLIGE TARAP BATLY GADAMLAR BILEN
Berkarar ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça taryhy özgerişliklere beslemäge,döwletli Diýarymyzyň ykdysady kuwwatny artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen belent maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar.

ZEHINLI ÝAŞLAR — ŞU GÜNÜMIZ HEM GELJEGIMIZ
Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine aýratyn üns berilmelidir. Olara çagalykdan başlap, Watana söýgi, gahrymançylykly geçmişimize, halkymyzyň şöhratly däpdessurlaryna hormat goýmak, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gazananlaryna we üstünliklerine buýsanmak ýaly häsiýetler mahsus bolmalydyr.

BITARAPLYK SYÝASATY HALKARA GATNAŞYKLARYNYŇ MÖHÜM ŞERTIDIR
BMG-niň derejesine üýtgewsiz ygrarly döwletimiz bu gün hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda milli we umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny alyp barýar. Çärýek asyryň döwründe parahatçylyk söýüjilik we hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli alyp barýan Türkmenistan bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolup galýar.

MAGTYMGULYNYŇ ŞYGYRLARYNDA WATANÇYLYGYŇ WASPY
Ýyllar bizi Magtymgulynyň ömür süren wagtyndan barha daşlaşdyrýar. Şöl bir wagtyň özünde-de, biz Magtymguly Pyraga barha ýakynlaşýarys. Ýyllar, aýlar aýlanyp, günler dolandygyça, Magtymguly Pyragy bize has beýik, mukaddes, eziz bolup görünýär. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga Gahryman Arkadagymyz örän ýokary baha berip, şeýle diýýär:

BAGTYÝARLYGYŇ AÝDYŇ ÝOLY
Durnukly ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe barýan eziz Diýarymyz uly üstünliklere eýe bolýar. Ylym we tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösýän zamanasynda sanly ulgamyň ähmiýeti has-da uludyr. Innowasiýalar, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini barha öňe, ylym dünýäsiniň belentliklerine alyp barýar.

SPORT — SAGLYGY WE RUHY BERKITMEGIŇ KEPILI
Türkmenistan Watanymyzyň ösüşlerine badalga beren hormatly Prezidentimiz turuwbaşdan beýleki ugurlar bilen birlikde ynsan saglygyna aýratyn ähmiýet berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň berk bedenli,sagdyn ruhly, ahlak taýdan kämil bolmagy barada yzygiderli alada edýär. Ylym ojaklarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, sport toplumlarydyr desgalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BEÝIK ÖZGERTMELERI
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watan binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynda, täze belentliklere göterilmeginde, bagtyýarlygyň erkin şemalyndan rowaç alyp, gülläp ösmeginde watansöýüjilik ruhuna ýugrulan gujur-gaýratlylyk, zähmetsöýerlik görkezip gelýär.

Magtymgulynyň döredijiliginde ýaşlara terbiýe
Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek we ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeleriň biridir. Çünki şahyryň döredijiligi öwüt-ündew bilen baglanyşyklydyr, milli terbiýäniň belent nusgasydyr. Esasan hem ýaş nesillere terbiýe berlende şahyryň goşgulary mysal getirilýär, onuň ähmiýeti düşündirilýär. Öwüt-ündew häsiýetli goşgularyň üsti bilen milli terbiýe mekdebi kemala gelýär.

Gündogaryň beýik akyldary
Magtymguly Pyragy özüniň baý mazmunly hem-de köptaraply döredijilik mirasy bilen tutuş ömrüni halkyna bagyşlan beýik şahsyýetdir. Ol şahyrana şygyrlary bilen Gündogaryň jemgyýetçilik-syýasy we edebi-ruhy pikirlenmelerine güýçli täsir eden dünýä edebiýatynyň görnükli söz ussadydyr. Türkmen halkynyň kalbynda we aňynda baky ýaşaýan beýik şahyryň dana goşgulary bu günki gün dünýä ynsanlarynyň dilinde barha belentden ýaňlanyp, gadyry günsaýyn artýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.