Habarlar
Habarlar
16581345d8422d.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak boýunça gepleşikler geçirildi

13-16-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky ykdysady wekiliýet Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy.

165827d5948341.jpeg
2 ýyl ozal
Eýran 32 ýurt üçin wiza düzgünini ýatyrdy

Eýranyň hökümeti 32 ýurduň raýatlary üçin wiza düzgünini ýatyrmak kararyna geldi. Bu barada «Tehran Times» habar berdi.

16583bb969a868.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

20-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

165813280b9586.jpeg
2 ýyl ozal
Azerbaýjan bilen Eýrany birleşdirjek demir ýoluň gurluşygynyň başlanjak möhleti belli edildi

Azerbaýjan bilen Eýranyň arasynda çekiljek demir ýoluň – Reşt-Astara geçelgesiniň gurluşygyna ýene bir ýarym aýdan başlanar. Bu barada Eýranyň ýollar we şäher ösüşi ministriniň orunbasary Şahriýar Efendizade habar berdi diýip, «Tasnim» habarlar gullugyna salgylanýan «Report» ýazýar.

1658135bc0c521.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky Baş wekilligi ýygy-ýygydan berilýän sowallara jogap berdi

Russiýa Federasiýasyndaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş wekilligi resmi web sahypasynda ýolagçylaryň Moskwa — Aşgabat — Bangkok we Kazan — Aşgabat — Bangkok gatnawlaryny utgaşdyrmak bilen baglanyşykly ýygy-ýygydan berýän sowallaryna jogaplary çap etdi. Olar bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.

165826c6b92bed.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

1658118a5da8fb.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

18-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

1658131d0de10f.jpeg
2 ýyl ozal
«FESCO» (RF) we Özbegistan Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ederler

Russiýa Federasiýasynyň «FESCO» ulag-logistika kompaniýasy hem-de Özbegistan Demirýollary kompaniýasy Türkmenistanyň çägi arkaly Türkiýä, Afrika we Ortaýer deňziniň kenaryndaky ýurtlara täze üstaşyr ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşdylar. Bu babatda «FESCO» kompaniýasynyň intermodal hyzmatlary ulanylar.

1657fdc9cdd898.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýük bazasyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýük bazasy dörediler. Portuň Metbugat gullugy munuň üçin käbir işleriň durmuşa geçirilýändigini habar berdi.

1657fdbb17fc7c.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan Ýerewanda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ministrler duşuşygyna gatnaşdy

14-15-nji dekabr aralygynda Ermenistanyň Ýerewan şäherinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrler derejesindäki duşuşygy geçirildi. Çäräniň temasy “Deňligi stimulirlemek, durnukly we üýtgewsiz ykdysadyýet üçin elýeterli we öz içine alyjy ulag aragatnaşygy” diýlip atlandyryldy. Duşuşyk, 2024-nji ýylyň iýun aýynda Ruandanyň paýtagty Kigali şäherinde geçiriljek ösüp barýan ýurtlaryň Üçünji maslahatynyň (LLDC) öňünden geçirilen taýýarlyk tapgyrydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.