Habarlar
Habarlar
Türkmenistan bilen ÝB agza ýurtlarynyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda €494,66 milliondan geçdi
Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 494,66 million ýewrodan geçdi. Bu barada ÝB-niň Statistika gullugyna (Ýewrostat) salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi sişenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
«Ynamly awto merkezi» Türkmenistanda «Kia» we «Hyundai» awtoulaglaryna bejeriş we hyzmat ediş işlerini ýerine ýetirýär
Aşgabatdaky «Kia Hyundai» söwda-hyzmat ediş merkezinde ýerleşýän «Ynamly awto merkezi» HJ «Kia» we «Hyundai» koreý markalarynyň awtoulaglary üçin ýokary derejede bejermek hem-de tehniki hyzmat ediş işlerini hödürleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Sukuba uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşdy
5-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen geçiren duşuşygynda däp bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Yragy hem-de Eýrany täze demirýol şahasy birleşdirer
Yragyň Basra welaýatynyň Şalamçe şäherindäki serhet geçelgesinde Yrak bilen Eýranyň arasyndaky geljekki demirýoluň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Dabara Yragyň premýer-ministri Muhammed as-Sudani hem-de Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammad Mohber gatnaşdylar.
Wengriýada ýol hereketleri boýunça düzgün bozulmalara bellenilýän jerimeler 30 göterim ýokarlandy
1-nji sentýabrdan Wengriýada ýol hereketleri boýunça düzgün bozulmalara bellenilýän jerimeler 30 göterim ýokarlandy.
«Halkara Gatnaw Logistika» hojalyk jemgyýeti Gazagystana üstaşyr ýükleri geçirdi
Ulag logistikasy ykdysadyýetiň, söwdanyň we bäsdeşligiň ösüşinde wajyp orny eýeleýär. Şundan ugur alyp, ulag-logistika pudagynyň ösüşinde hususy kompaniýalar hem aýratyn orny eýeleýär.
Russiýanyň barlag nokatlarynyň 3-sine elektron nobat ulgamy işe girizildi
1-nji sentýabrdan Russiýa Federasiýasy döwlet serhedindäki üç sany barlag nokadynda ýük ulaglarynyň ýurda girmek üçin senesini we wagtyny mugt elektron öňünden nobata durmagyň sanly ulgamyny işe girizdi. Bu barada Rosgranstroýyň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
5-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagatany kabul etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
4-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işlere garaldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.