Habarlar
Habarlar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy satyn alynan awiabiletleri yzyna gaýtarmagyň tertibini düşündirýär
«Türkmenistan» awiakompaniýasy » açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli www.turkmenistanairlines.tm web sahypasyndan satyn alynan awiabiletleri yzyna gaýtarmagyň syýasatyny mälim etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Sankt-Peterburgyň gubernatory bilen duşuşdy
11-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşdy.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen 12 müň tonnadan gowrak güýzlük bugdaý tohumy daşaldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bugdaý önümleriniň importyny dowamly kabul edýär. Bu ýükler Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyndan gämiler arkaly getirilip, portuň Umumy ýükler terminaly hem-de Ürgün ýükler terminalyndan geçirilýär. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi
11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi.
Türkmen wekilýeti Duşenbede geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Duşenbede geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde 13-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagtynda guraljak Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşar. Bu barada Täjigistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
8-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gündelik wezipeleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Türkmenistan bilen Pakistan ulag we söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirer
7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Pakistanyň Federal Söwda we senagat ministri doktor Gohar Ejaz bilen duşuşdy. Bu barada Pakistanyň söwda ministrligi sosial ulgamlarda habar berdi.
Ýaponiýa Aýa gonýan enjamly raketa uçurdy
Enjam älemi rentgen gözegçiligi we spektrokopiýa usuly arkaly öwrenmäge niýetlenendir. Ylmy-barlag astrofiziklere Älemde iri gurluşlaryň ösüşini we bölünişini hem-de galaktikalaryň emele gelşini öwrenmekde ýardam eder.
Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa pudagy fransuz kompaniýalarynda gyzyklanma döredýär
Ulag-kommunikasiýa pudagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň çalt depginde ösýän ugurlarynyň biridir we ol dünýä ulag ulgamyna goşulmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.