Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy.
«Gapydan gapa» çaparçylyk hyzmaty: Türkmenistanyň ähli ýerine ýollamalary ibermek we almak aňsat hem-de ýönekeý
Ýokary hyzmat ülňüleri, tejribesi we guramaçylykly ýola goýlan logistika ulgamy «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasyna gysga möhletde, hatda Türkmenistanyň iň uzak we barmasy kyn ýerlerine-de gymmatly bukjalary we möhüm ýollamalary alyjylara ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy.
Baýramalyda, Balkanabatda, Kakada we Bäherdende demir ýol menzilleriniň döwrebap binalary gurlar
Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyna laýyklykda, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde, Ahal welaýatynyň Kaka we Bäherden etraplarynda hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde degişli demir ýol menzillerinde döwrebap binalary gurmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy bilen duşuşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
17-nji sentýabrda Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň işlenip taýýarlanylan taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy we gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşlerini, şäheriň ekologik ýagdaýyny has-da sagdynlaşdyrmakda ähmiýetli hasaplanýan usullaryň ulanylyşyny synlady.
Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça demir ýol arkaly ýük dolanyşygy 57% ýokarlandy
TASS-yň «RŽD logistika» paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Dmitriý Muraýewiň sözlerine salgylanyp habar bermegine görä, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugry boýunça demir ýol arkaly ýük dolanyşygynyň mukdary barha artýar.
Arkadagly Serdarymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Nýu-Ýorka ugrady
17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.
Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmegi teklip etdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmegi teklip etdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.