Habarlar
Habarlar

«Magtymguly — dünýäniň akyldary» - parahatçylyga gönükdirilen gollanma
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Magtymguly — dünýäniň akyldary
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär. Şeýle-de akyldaryň döredijiliginiň we durmuş ýolunyň ylmy esasda öwrenilişi, şygyrlaryndaky pähim-paýhaslaryň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara çäreler hakynda söhbet edilýär.

Berkarar döwletimizde zenan mertebesi
Ata Watanymyzda mähriban ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, edep-ekramyna, aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar. Öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyz nesillerden-nesillere geçirilip kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler.

ENERGETIKA – GELJEGE YNAMLY HYZMATDAŞLYK
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça birnäçe işler amala aşyrylýar. Muňa mysal edip energetika pudagyny görkezip bileris. Ýagny, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň köp görnüşli ugurlaryny döretmek, elektroenergetika we gaýtadan işleýän senagatyň ýokary hilli bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegi giňeltmek boýunça hormatly Prezidentimiz uly strategiýany amala aşyrýar.

GELJEK NESIL HAKYNDA ALADA BARHA ROWAÇLANÝAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli hem-de ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.

Sanly ulgam — özgerişlere barýan ýol
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar.

Milli ykdysadyýetimiz ýokary depginli ösdürilýär
Milli ykdysadyýetimizde uly ösüşleri üpjün etmekde sanly ulgamyň möhüm ugurdygyny aýratyn bellemek gerek. Şunda häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryna esaslanmak baş ugur bolup durýar. Şeýle hem ösen sanly ykdysadyýeti kemala getirmekde elektron senagatynyň ösdürilmegi, innowasion, ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň ýola goýulmagy, aň-bilim mümkinçilikleriň artdyrylmagy, ýörite bilimli hünärmenleriň taýýarlanmagy ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär.

“Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
Täze, 2025-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bosagasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň jemlenmegi bilen baglylykda, “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabynyň çapdan çykmagy ähli halkymyz we giň okyjylar köpçüligi üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

MILLI TERBIÝEÇILIK MEKDEBI – KÄMILLIGIŇ NUSGASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň ýaşlary milli ruhda, sagdyn bedenli, ösen aň-düşünjeli nesiller edip terbiýelemek, olary dogry ýola gönükdirmek babatda nusgalyk ýol-ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şöhratly taryhymyzdan mälim bolşy ýaly, türkmen halky ylma, bilime, döredijilikli zähmete sarpa goýup, adamzadyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna özüniň mynasyp goşandyny goşup gelen, dünýä medeniýetinde öçmejek yz galdyran halkdyr.

Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana ýük düzümi geçer
Russiýa Federasiýasynyň demirgazygynda ýerleşýän Kareliýa Respublikasyndan çaphana kagyzlary ýüklenen otly düzümi «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň üsti bilen Hindistana eltiler. Bu barada «RŽD Logistika» paýdarlar jemgyýeti habar berýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.