Habarlar
Habarlar
Ak ýollarda hasyl bolan arzuwlar
«Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz zähmet çekýän adama uly sarpa goýýar. Yhlas bilen islendik bir işiň başyna barsaň ýetdirmejek sepgit ýok. Bu Ahmetjan Raimowyň durmuşynda-da şeýle boldy. Ol hem beýleki bagtyýar ildeşlerimiz ýaly, “Kesbinden kemal tapan” diýilýänlerden. Ahmetjan ykbalyny sürüjilige baglap, özüniň ömrüniň manysyny ilimize döwrebap hyzmat etmekde görýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahat köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyrjak saparynyň öňüsyrasynda iş maslahatyny geçirdi.
Aşgabat-Türkmenabat awtobany Özbegistan bilen ulag aragatnaşygynyň ösdürilmegine ýardam eder
Gurluşygy dowam edýän Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly Özbegistan bilen ulag aragatnaşygyny ösdürmäge uly mümkinçilikleri açar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň duşenbe güni “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen makalasynda habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
28-nji sentýabrda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu dabaralara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
«Türkmenpoçtanyň» Marydaky ýük bölümi ýükleri ibermek we kabul etmek boýunça hyzmatlary hödürleýär
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Aşgabatdaky bölümi bilen birlikde, Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde hem ýük bölümi hereket edýär.
Türkmenistan Eýrana we Gazagystana çenli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmegi meýilleşdirýär
Türkmenistan Eýrana we Gazagystana çenli iki sany optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde duşenbe güni çap edilen makalasynda aýdylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27-nji sentýabrda agzybir türkmen halky Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 32 ýyllygyny uly buýsanç bilen belleýär.
Türkmenistan energetika we ulag arabaglaşygyndaky ähmiýetli ornuny artdyrýar
Bitarap Türkmenistan möhüm halkara meseleleriň, aýratyn-da, energetika howpsuzlygynyň, ulag düzümini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň oňyn çözülmegine işjeň gatnaşýar.
Türkmen wekiliýeti Barselona deňiz portunyň işi bilen tanyşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Barselona şäherinde geçen deňiz portlarynyň edara ediş işi ulgamyndaky üç günlük okuw maslahatyna gatnaşdy. Maslahata gatnaşyjylar Ortaýer deňzinde iň uly Barselona portunyň innowasion işi bilen tanyşdylar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27-nji sentýabrda agzybir we jebis halkymyz ýurdumyzyň baş baýramyny — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny aýratyn ruhubelentlik, şatlyk bilen garşylaýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.