Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi
25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi.
Türkmenistan we Koreýa Respublikasy demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär
"Türkmendemirýollary" agentliginiň ýolbaşçylary sanly ulgam arkaly Koreýa Respublikasynyň Ulag, infrastruktura we ýer serişdeleri ministrliginiň, Koreýanyň Demir ýol korporasiýasynyň we "Koreýanyň Demir ýollary" döwlet kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" - "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň ýeke-täk agenti
"Türkmenistan" awiakompaniýasynyň ýeke-täk agenti bolup çykyş edýän "Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti howa ulagy arkaly ýük daşamalaryň giň toplumyny hödürleýär. Paýdarlar jemgyýeti eýýäm birnäçe söwda we senagat kärhanalaryň, döwlet we halkara düzümleriniň ygtybarly hyzmatdaşy hem-de ulag-ekspeditor agentligi hökmünde giňden tanalýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Ilki bilen, sizi we siziň üstüňiz bilen ýurdumyzyň ähli halkyny Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize we merdana halkymyza berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk binýadyny has-da pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.
Awstriýanyň Demir ýol kompaniýasy Türkmenistana ýük daşar
Awstriýanyň Federal demir ýollarynyň ýük bölümi “Orta geçelge” ady bilen tanalýan Hazarüsti halkara ulag geçelgesi arkaly Türkmenistana, Gazagystana we Özbegistana ýük daşar. Şunda daşalýan ýüküň howpsuzlygy we ygtybarlygy doly üpjün edilip, ol 30 gün töwereginde eltiler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
24-nji sentýabrda paýtagtymyzda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.
“Türkmendeňizderýaýollarynda” Yslam Ösüş Bankynyň we Singapur portunyň wekilleri bilen duşuşyk boldy
Golaýda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri bilen Yslam Ösüş Bankynyň we Singapur portunyň wekilleriniň arasynda duşuşyk boldy. Mälim bolşy ýaly Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam Ösüş Bankynyň arasynda baglşylan ylalaşyga laýyklykda, bank Türkmenistanyň milli söwda floty üçin 2 sany Ro-Pax paromynyň gurluşygyny maliýeleşdirmegi göz öňünde tutýar.
Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gazak garyşyk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2023-nji ýylyň 20-21-nji sentýabrynda Türkmenbaşy şäherinde, «Türkmenawtoulaglary» agenliginiň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň ulag komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gazak garyşyk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Ýurdumyzyň üç welaýatynda demir ýol menzilleriniň döwrebap binalary gurlar
Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyna laýyklykda, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde, Ahal welaýatynyň Kaka we Bäherden etraplarynda hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde degişli demir ýol menzillerinde döwrebap binalary gurmak meýilleşdirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.