Habarlar
Habarlar
165055463c1275.jpeg
2 ýyl ozal
Hormatly Prezidentimiz Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşdy

15-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

1650296c72013d.jpeg
2 ýyl ozal
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde koreýaly kärdeşler bilen gämigurluşyk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

"Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ýolbaşçylary Koreýa Respublikasynyň Deňiz enjamlary assosiasiýasynyň (KOMEO) we “Koryo Shipbuilding” kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Onda Türkmenistanyň milli söwda flotyny ösdürmäge gönükdirilen gämigurluşyk pudagynda taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine seredildi. Söhbetdeşler gury ýük gämilerini we paromlary gurmak işlerine aýrtyn üns çekdiler.

16503e56f9f596.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň

14-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Täjigistana ugrady.

16502957bbd52b.jpeg
2 ýyl ozal
Özbegistan we Russiýa Türkmenistanyň üstünden ýük aragatnaşygyny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow bilen Russiýa Federasiýasynyň ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Zwerew bilen geçirilen gepleşiklerde Özbegistan – Türkmenistan – Hazar deňzi – Russiýa multimodal ugruny işe girizmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

16503dfad9f732.jpeg
2 ýyl ozal
Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy

14-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

16502928c854a7.jpeg
2 ýyl ozal
Obasenagat toplumynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň möhüm şerti

Oba hojalygy pudagynyň yzygiderli ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda dürli ekerançylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hasabyna oba hojalyk toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmagy şertlendirýän ägirt uly özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

16502947a2ef49.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenpoçta» Türkmenistanyň çäginde nagt we nagt däl pul geçirimlerini ýerine ýetirýär

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň raýatlaryna ýurduň poçta bölümleri arkaly pul geçirmek hyzmatlaryny hödürleýär.

165013fe1e08b5.jpeg
2 ýyl ozal
AŞTU resmi saýtynyň web-salgysyny üýtgetdi

Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) özüniň resmi saýtyna giriş salgysyny täzeledi. Indi AŞTU-nyň saýty iň ýokary derejeli domen ady – (.tm) domeni bilen hasaba alyndy.

165013e41cf04b.jpeg
2 ýyl ozal
"Akylly" syýahatçylyk we göni howa gatnawlary: Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi

Pandemiýa hadysalaryndan soň, syýahatçylygy nädip janlandyrmaly? Bu babatda Merkezi Aziýa döwletleri koreý syýahatçylaryna näme teklip edip bilýär? Bu ugurda hyzmatdaşlygyň geljegi nähili? Şu we beýleki soraglar "Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy" hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň guramagynda we beýleki 5 döwletiň ilçihanalarynyň ýardam bermeginde Seul şäherinde geçirilen "tegelek stol" maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

164ffebe9a5531.jpeg
2 ýyl ozal
«Ynamly taksi» Arkadag şäheriniň we Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary üçin elýeterli boldy

«Awtoulag kärhanalar birleşigi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Arkadag şäherinde we Ahal welaýatynda onlaýn taksi çagyrmak hyzmatynyň işe girizilendigini habar berýär. Taksini «0656» gysga belgä jaň edip ýa-da «Ynamly taksi» mobil goşundysy arkaly sargyt edip bolýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.