Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyzy ýokary depginler bilen ösdürmekde, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekde, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda, Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny belende götermekde ýurdumyzyň raýatlarynyň her biriniň mynasyp goşandy bardyr.
Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.
Aşgabatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan Halkara ylmy-amaly maslahaty we sergi öz işine başlady
27-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Ol «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini jemleýän özboluşly çärä öwrüldi.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
“Şeremetowo” halkara howa menzili “Türkmenistan” awiakompaniýasyny uçuşlary öz wagtynda ýerine ýetirýän iň ygtybarly awiakompaniýalaryň biri diýip yglan etdi
Russiýanyň federal ähmiýetli Moskwa oblastynyň esasy 4 aeroportynyň biri “Şeremetowo” halkara howa menzili ýylyň jemini jemläp, uçuşlary öz wagtynda ýerine ýetirýän iň ygtybarly awiakompaniýalaryň sanawyny yglan etdi. Howa menzili bu sanawy uçuşlaryň öz wagtynda ýerine ýetirijilik we gatnaw ýygylygyna esaslanyp düzdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. Biz sanlyja günden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagyny diňläris. Döwrüň täze menziline gadam basarys.
Türkmenistanyň ilatly ýerleriniň birnäçesinde täze demir ýol menzilleri gurlar
Türkmenistanyň sebitleriniň ilatly ýerleriniň birnäçesinde, şol sanda Baýramalyda, Duşakda, Bamyda, Jebelde, Balkanabatda, şeýle hem Ahal welaýatynyň Kaka we Bäherden etraplarynyň çäklerinde täze demir ýol menzilleri gurlar. Bu boýunça degişli bildirş türkmen metbugatynda çap edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
23-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda gaznanyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Türkmen-özbek ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 1 milliard dollara golaýlady
2023-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly özara söwda dolanyşygy 970,1 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.
Ýolçularyň Hökümetara geňeşiniň VII halkara awtomobilli ýörişi Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň çäginden geçer
Ýolçularyň Hökümetara geňeşi tarapyndan guralýan VII halkara awtomobilli ýörişi Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň çäginden geçer. Awtomobilli ýöriş 2024-nji ýylyň 28-nji aprelinden 8-nji maýy aralygynda geçiriler. Onuň uzynlygy 2500 kilometrdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.