Habarlar
Habarlar
Kärhananyň ýokary görkezijileri
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly ösüşlere beslenýär. Il-ýurt bähbitli alnyp barylýan şeýle ösüşli, ýokary netijeli işlere dahylly bolmak hyjuwy her bir zähmet adamsyny joşgunly işläp, oňa öz mynasyp goşandyny goşmaga ruhlandyrýar.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna täze agzalar goşuldy
Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparynyň IV onlaýn mejlisinde Nikaragua, Laos we Marokko tarapyndan bu topara agza bolmak üçin iberilen arzalar tassyklandy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň web sahypasynda habar berildi.
Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasynda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylar
«Türkmen Logistika» Assosiasiýasy hem-de Latwiýanyň Ýük ekspeditorlary we logistika milli assosiasiýasy(LAFF) tarapyndan iki ýurduň ulag pudagynyň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk guraldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasynda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.
«Awtomobil ulag hyzmaty» tejribeli awtobus sürüjilerini işe çagyrýar
«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus sürüjileriniň işe çagyrylýandygyny habar berdi. Degişli bildiriş «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ-niň resmi saýtynda ýerleşdirildi.
Azerbaýjan türkmen we gazak deňiz portlaryny Rumyniýa bilen özara baglanyşdyrar
Azerbaýjanyň “ADY Container” kompaniýasy we “COSCO SHIPPING Lines” kompaniýasy Türkmenbaşy we Aktau portlaryndan Rumyniýanyň Konstansa portuna ýükleri daşamakda durnukly ulag geçelgesini döretmek taslamasynyň üstünde işleýärler.
Wise-premýer: Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde ulag hyzmatdaşlygyna möhüm ähmiýet berýär
Türkmenistan ulag ulgamynyň ösdürilmegini Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde hasaplaýar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow duşenbe güni Moskwada geçirilen GDA agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy. Bu barada “Baku TV” teleýaýlymy habar berýär.
Türkmenistan ikinji milli emeli hemrany uçurmagy meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew şu ýylyň 14-15-nji dekabrynda Ermenistanyň paýtagty Ýerewan şäherinde geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrler maslahatynda telekommunikasiýa hyzmatlarynyň hilini has-da gowulandyrmak maksady bilen ikinji milli emeli hemrany uçurmak ädimini Türkmenistanyň öňünde goýýan möhüm wezipeleriniň biri hökmünde görkezdi.
Täze ýylyň iýunynda Garabogazda gurulýan köprüden ilkinji ulaglar geçip ugrar
Türkmenistanyň Garabogazköl aýlagynyň üstünden gurulýan täze awtomobil köprüsinden ilkinji ulaglar 2024-nji ýylyň iýun aýynda geçip ugrar. Bu barada Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýewiň “Türkmenistan” gazetinde sişenbe güni çap edilen makalasynda aýdylýar.
«S7» awiakompaniýasynyň petekleri Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde satuwa çykaryldy
Russiýanyň «S7» awiakompaniýasynyň gatnawlary üçin petekler Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde satuwa çykaryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl
Ýurdumyzda söwda we telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny artdyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» strategik ugurlarynyň biridir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.