Habarlar
Habarlar
berkarar döwletimiziň ULAG ULGAMYNYŇ TÄZE SAHYPASY
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly, öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, ylymda-bilimde, medeniýetde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerinde ösüşler gazanylýar.
HYZMATDAŞLYGYŇ ROWAÇ GADAMLARY
Owganystan döwleti bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostana gatnaşyklaryň köki müňýyllyklara uzaýar. Iki döwletiň arasyndaky gadymdan gözbaşly gatnaşyklar hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren bagtyýarlyk döwründe täze röwüşe eýe bolýar.
Goýberiliş №44 (31.10.2020 ý.)
ŞÖHRATLY SAHYPALARA NAZAR AÝLAP
Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisi we «Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüŞiň möhüm ugry» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
GARAŞSYZLYGYň GADAMLARY ÝURDUň YKDYSADY ÖSÜŞINIň GÖZBAŞY
Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäniň syýasy kartasynda orun alan Türkmenistan döwletimiz bu gün milli Liderimiziň baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, arkalaşykly hereket etmek ýaly ýörelgelerden ugur alyp ösüşli menzillere barýar.
kitaplar - halkymyzyň ruhy baýlygy
Hormatly Prezidentimiziň baý many-mazmuna eýe bolan dürli mowzuklarda ýazan eserleri bu günki gün ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli adamlaryň iň söýgüli kitaplaryna öwrüldi. Çünki hormatly Prezidentimiziň her bir kitabynda terbiýeçilik ähmiýetli, türkmen halkynyň edim-gylymlary barada giňden söhbet edilýär.
Hormatly okyjylaryň dykgatyna !
Maglumatyň sanly görnüşde bolmagy milli ykdysadyýetiň netijeliligini artdyrmaga we raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. “Türkmeniň ýüpek ýoly” gazetine tyy-news.gov.tm internet saýty arkaly neşiriň elektron görnüşine 2020-nji ýylyň ahyryna çenli abuna ýazylmaga çagyrýar!
Sanly ulgamyň gerimi giňeýär
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynyň durnukly ösüşi üpjün edilýär. Şunda dünýä tejribesinden ugur almak bilen döwrüň talaplaryna kybap gelýän özgertmeler amala aşyrylýar.
dünýäniň manysy kitapdan başlanýar
Milli Liderimiziň çäksiz aladalary bilen ýurdumyzda milli medeniýetimize, sungatymyza aýratyn ähmiýet berilýär. Ata-babalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli medeniýetimizi, sungatymyzy geljekki ýaş nesillere ýetirmek ugrunda bimöçber işler durmuşa geçirilýär.
HALKYMYZYŇ BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN ÖZGERTMELER
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllygynyň toýlanyljak güni hem barha ýakynlaşýar. Halkymyzyň bu uly toýunyň-baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahaty bolup geçer.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.