Habarlar
Habarlar

Грузоперевозки между Азербайджаном и Казахстаном за год выросли на треть
Контейнерные грузоперевозки между Азербайджаном и Казахстаном выросли по итогам января - октября 2021 года на 31 процент и составили 13,6 тысячи TEU. Об этом сказали в дочерней компании ЗАО "Азербайджанские железные дороги" - ООО ADY Container.

MILLI ULAG ULGAMYMYZYŇ ÜSTÜNLIKLERI DÜNÝÄ ÝAÝYLÝAR
Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda alyp barýan tutumly işleri mähriban halkymyzyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Türkmenistan Watanymyz ilatyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen ykdysady mümkinçiliklerini ösdürmek bilen, geljek üçin ösüşiň tapgyrlaryny ynamly meýilleşdirýär.

Raýat awiasiýasynyň ilkinji türkmen uçarmany
Her bir ugurda zähmet çekip, öz saýlan hünärine ömrüni bagyşlan halypalar örän kän. Her bir pudakda, her bir tutumly işde ilkinji bolanlaryň ady taryha ýazylýar. Hazar ýakasyndaky kiçeňräk Garşy şäherçesi diňe bir şypaly suwlary bilen meşhur däldir. Bu ýerde geçen asyryň başlarynda adaty balykçy maşgalasynda ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň ilkinji uçarmany Anjan Amanow dünýä gelip, şu ýerde-de önüp-ösüpdir.

TALYP ÝAŞLARA DÖWREBAP BILIM BERMEGIŇ ÄHMIÝETI
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen beýleki pudaklar bilen bir hatarda ylma, bilime, Watanymyzyň geljegi bolan talyp ýaşlaryň has-da kämil, tutanýerli, erjel bolup ýetişmeklerine uly üns berilýär. Milli Liderimiz “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň öňde goýýan esasy wezipämiz bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr” diýip belleýär. Hut şonuň üçin hem kämil tehnologiýalaryň ösen döwründe bilim ulgamyndaky edilýän tagallalar barha artýar.

Sport — parahatçylygyň nyşany
31-nji awgustda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýakynda geçirilen iri halkara ýaryşlarda — Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda, Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde guralan V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri sylaglamak dabarasy boldy.

ÄHLIHALK IŞINE GOŞANT
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyjy bilen ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen biraýlyk geçirmek indi asylly, döwrebap däpleriň birine öwrüldi

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti kadalaşdyryş-hukuk taýdan üpjün etmek işleri amala aşyrylýar
Hormatly Prezidentimiziň 17-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň käbir meselelerine, şol sanda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Paýtagtymyzda täze awtobus gatnawy işe başlar
2021-nji ýylyň 20-nji dekabryndan başlap «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy raýatlaryň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, täze açylan 108-nji «Teke bazar – «Aşgabat» söwda merkezi» ugur boýunça gatnaýan awtobus öz işine başlar. Bu barada agentligiň resmi web saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmak boýunça Pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy.

Aşgabatda käbir awtobus ugurlaryna üýtgeşmeler girizilýär
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 2021-nji ýylyň 20-nji dekabryndan 5-nji “Teke bazar – Arzuw” hem-de 17-nji «Awtokombinat – Awtomenzil» ugurlar boýunça awtobus gatnawlaryna üýtgeşmeler girizilýändigini habar berdi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.