Habarlar
Habarlar
Sarahs serhetinden 700 müň tonnadan gowrak ýük daşaldy
Eýranyň Gündogar «Demirgazyk — Günorta» ugry boýunça Sarahs serhetinden demir ýol arkaly 700 müň tonnadan gowrak ýük daşaldy. Bu barada «Иран.ру» habar berdi.
Ilon Maskyň SpaceX we Jek Manyň Alibaba kompaniýalary ITTC 2023 - Aşgabat halkara ulag maslahatyna gatnaşýandyklaryny tassykladylar
Wekiliýetleriň ägirt köp sany, olaryň arasynda Ilon Maskyň SpaceX-y we Jek Manyň Alibaba-sy «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş 2023» (ITTC 2023) atly 3-4-nji maýda Aşgabatda geçiriljek ikinji halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin hasaba alyndylar.
Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen ýük daşamalary artdyrar
Gazagystan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol ugry boýunça Merkezi Aziýa hem-de Türkmenistana we Eýrana barýan üstaşyr ýükleriň kuwwatyny ýokarlandyrjak uly söwda-logistika merkezini gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Kazinform” agentligi çarşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň ulag kompaniýalary logistika babatynda halkara tejribesini öwrenerler
«Türkmen logistika» birleşmesiniň 130-a golaý agzasy Merkezi Aziýada Logistika we Ulag Patyşalyk institutynyň (CILT Central Asia) Wekilhanasy tarapyndan guralan webinarlaryň birnäçesiniň kömegi bilen ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň halkara tejribesini öwrenip bilerler.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi adamzadyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ýugrulan hem-de halklary birek-birege baglanyşdyrýan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gözbaşy müňýyllyklara aralaşýan Oraza baýramynyň baý öwüşginli dabaralarynyň eziz Watanymyzyň dünýä ýaň salýan at-abraýyna, şan-şöhratyna çäksiz buýsanýan mähriban halkymyzyň kalbyna egsilmez şatlyk, ylham-joşgun paýlap, watansöýüjilik duýgusyny has-da belende göterjekdigine berk ynanýaryn.
«Türkmendeňizdeýaýollary» we «Býuro Weritas» hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýarlar
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we «Býuro Weritas Marin Gazagystyan» BV klassifikasiýa jemgyýeti hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar. Türkmen tarapy BV Türkmenistanda öz şahamçasyny açmagy teklip etdi, klassifikasiýa jemgyýeti bolsa ýurda berilýän hyzmatlaryň görnüşini artdyrmak üçin Türkiýeden we BAE-den öz wekillerini çekmäge taýýardygy barada habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy
Döwleti dolandyrmakda, demokratik we adalatly jemgyýeti gurmakda toplan tejribämize daýanyp, şu gün biz 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirýäris.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
20-nji aprelde Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.
«China Southern Airlines» 25-nji aprelden Urumçiden Aşgabat şäherine uçuşlary ýola goýar
Hytaýyň «China Southern Airlines» awiakompaniýasy 25-nji aprelden Urumçiden (Hytaý) Aşgabat (Türkmenistan) şäherine göni gatnawlaryny dowam etdirer.
Türkmenistan ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli milli we döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bu maksatnamalaryň esasy wezipesidir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.