Habarlar
Habarlar
Türkmenistan Hytaýdan ýük teplowozynyň $30 millionlyk ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alar
Hytaýyň teplowoz öndüriji CRRC Ziyang kompaniýasy duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen dabarada Türkmenistana 30 million dollardan gowrak ýük teplowozynyň ätiýaçlyk şaýlaryny ibermek boýunça şertnama baglaşdy.
Türkmenistan özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy, ykdysady we medeni özgertmeleriň ählisi, şol sanda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de milli hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegi raýat jemgyýetiniň, hukuk döwletiniň binýadynyň pugtalandyrylmagyna, Diýarymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
Eýran we Russiýa Raşt-Astara demir ýol taslamasynyň tamamlanmagyny maslahatlaşdylar
Tähran we Moskwa Eýrandaky Raşt-Astara demir ýol taslamasynyň tamamlanmagy boýunça gepleşik geçirdiler. Bu barada Eýranyň Ulag we şähergurluşyk ministriniň orunbasary Şahriar Afandizadehiň aýdanlaryna salgylanyp, IRNA agentligi duşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan we Eýran energiýa we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Eýranyň Ykdysady diplomatiýa boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary Mahdi Safari duşenbe güni Aşgabatda geçiren duşuşygyň dowamynda ýangyç-energetika, ulag we üstaşyr pudaklaryndaky özara hyzmatdaşlygyň ösüşi boýunça pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ýolagçy otly peteklerini täzelenen mobil goşundysy işe girizildi
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýolagçy otly gatnawlaryna petekleri onlaýn satyn almak üçin täzelenen mobil goşundysyny hödürleýär. Goşmaçalar girizilen we üsti ýetirilen täze mobil goşundysyny «Play Market» mobil goşundylar platformasyndan, şeýle hem railway.gov.tm web-saýtynyň üsti bilen ykjam telefonlaryňyza ýükläp alyp bilersiňiz.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary
Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek hakynda
Türkmenistan lokomotiwleri satyn almak üçin Hytaý kompaniýasy bilen 30 million dollarlyk şertnama baglaşdy
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýolagçy otly gatnawlaryna petekleri onlaýn satyn almak üçin täzelenen mobil goşundysyny hödürleýär. Goşmaçalar girizilen we üsti ýetirilen täze mobil goşundysyny «Play Market» mobil goşundylar platformasyndan, şeýle hem railway.gov.tm web-saýtynyň üsti bilen ykjam telefonlaryňyza ýükläp alyp bilersiňiz.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyny jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirmek hakynda
ÝÜK WE ÝOLAGÇY GATNATMAGYŇ ÖSÜŞ DEPGINI ÝOKARLANÝAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň awtomobil ulaglary ulgamynda Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde uly ösüşler, özgerişler gazanylýar. Güneşli Diýarymyzyň şäherlerinde we obalarynda hyzmat edýän halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli awtobuslar, taksiler halkymyzyň kalbynda uly buýsanç, kanagatlanma duýgusyny döredýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.