Habarlar
Habarlar
163ae6326c7111.png
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan etmek hakynda

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her güni şanly wakalara hem-de zähmet üstünliklerine beslenýär. Tamamlanyp barýan ýyl Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň geçirilen, Berkarar döwletiň täze eýýamyna gadam basylan we möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, şeýle hem ägirt uly durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň amala aşyrylýan döwri hökmünde taryha girýär.

163ae68be5235f.jpeg
3 ýyl ozal
«FlyDubai» Aşgabada göni howa gatnawlaryny dikelder

«FlyDubai» awiakompaniýasy Dubaý ― Aşgabat ― Dubaý arasyndaky göni howa gatnawlaryny dikelder. Bu barada Gulf Business habar berdi.

167b80773b52e2.jpeg
1 ýyl ozal
BITARAPLYK - ŞAN-ŞÖHRATYMYZ

Bitaraplyk derejesi türkmen halky üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy, bagtyň çür başydyr. Hemişelik Bitaraplygymyz hem edil Garaşsyzlygymyz ýaly ýakymy bilen dabarasy soňlanmajak baýramdyr. Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk bu türkmen halkynyň goşa ganatydyr.

163ac3963f1b4b.png
3 ýyl ozal
Arkadag adyndan ylhamly şäher

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ýurdumyzda soňky ýyllarda ägirt uly ösüşler gazanyldy. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän şol döwletli başlangyçlaryň aýdyň hem-de buýsançly netijeli bolan Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri sebitde ilkinji «akylly şäher» ýörelgesine eýerip gurlan täze häzirki zaman şäheri bolup ykbalymyza girdi.

163acfbed78335.jpeg
3 ýyl ozal
Paýtagtymyzda baýramçylyk mynasybetli täze binalaryň açylyş dabarasy boldy

28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günbatar künjeginde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň, umumybilim berýän mekdebiň, çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň we beýleki desgalaryň açylyş dabarasy boldy.

163acfdcec8160.jpeg
3 ýyl ozal
«Türkmenistan» aiwakompaniýasy BAE-niň paýtagtyna göni uçar gatnawyny dikeltdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine göni howa gatnawlaryny dikeltdi. Bu barada «Turkmenportala» awiakompaniýanyň Baş edarasyndan habar berildi. Iki ýyllyk arakesmeden soňra ilkinji uçuş 23-nji dekabrda Aşgabat şäherinden amala aşyryldy.

167b80671371fb.png
1 ýyl ozal
BITARAPLYK -BUÝSANJYMYZ

Diplomatik işgärleriniň milli baýramy hem-de Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli 2017-nji ýylyň fewral aýynyň 18-ne “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: Parahatçylyk we ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk” ady bilen geçirilen maslahatda dekabr aýynyň 12-si Halkara Bitarapyk güni hökmünde ykrar edildi. 

163ab25d277ab5.png
3 ýyl ozal
Täze ýyl baýramy mynasybetli ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlary

Hormatly ildeşler! Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi Täze ýyl baýramy mynasybetli ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň has-da ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny üpjün etmegi maksat edinýär.

163aa7009eabd9.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky deňiz arkaly söwda dolanyşygy barha artdyrylýar

Eýranyň Türkmenistana eksporty häzirki Eýranyň senenamasynyň birinji sekiz aýynda (21-nji martdan 21-nji noýabra çenli) geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35,58% ýokarlandy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Iranian Mehr” agentligi penşenbe güni habar berdi.

163aa6d5fd7b72.jpeg
3 ýyl ozal
AŞTU müşderilerine aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegleri geçirilmelidigini ýatladýar

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti müşderilerini ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlaýar we aragatnaşyk hyzmatlary üçin öz wagtynda tölegleri geçirilmelidigini ýatladýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.