Habarlar
Habarlar
1644627c2177c1.jpeg
2 ýyl ozal
Naryň peýdaly häsiýetleri

Narda bar bolan antioksidantlaryň ýokary derejesiniň ýürek-damar kesellerinden goraýandygy anyklandy. Ýürek kesellerinden ejir çekýän adamlar öňüni alyş çäresi hökmünde günde 1-2 gezek ýarym stakan nar suwuny kabul edip bilerler.

164482fd97377b.jpeg
2 ýyl ozal
Jana melhem çaý

Gök çaý adam bedeniniň ähli ulgamlaryna we beden agzalaryna oňaýly täsir edýär. Ol immun ulgamynyň işjeňligini artdyrýar, aşa semizlik bilen göreşmäge kömek edýär, ýürek-damar, böwrek keselleriniň öňüni alýar.

164483258ee9c5.jpeg
2 ýyl ozal
Güller barada

Kimdir birinden doglan güni, ýa-da baýramçylyklar mynasybetli gül çemenlerini sowgat almak islendik adam üçin hem ýakymlydyr. Adamlar güle gözelligiň çeşmesi, köňülleri şatlandyrmagyň esasy serişdesi, birek-birege hormat goýmagyň nyşany hökmünde uly ähmiýet berýärler.

16448342373cf1.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen gawuny barada

Türkmen gawunlarynyň şan-şöhraty äleme meşhur. Olaryň halkara sergilerinde we ýarmarkalarynda ençeme ýokary sylaglara mynasyp bolmagy bu gadymy nygmatyň bakja ekin ýerlerinde dowamat dowam bolup gelýändigine aýdyň subutnamadyr.

164483581f2e0c.jpeg
2 ýyl ozal
Saglyk baş baýlygymyz

Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürüp, halkymyzyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagy hakynda uly alada edýär. Halkymyz sagdyn bedenli, päk ahlakly nesilleri terbiýeläp, ýetişdirmäge uly ähmiýet  berýär.

1644836d291f96.jpeg
2 ýyl ozal
Kitap barada

Kitap okamak biziň çalt garramagymyzyň öňüni alýar. Kitap okamak adamyň beýnisini işjeň ýagdaýa getirýär. Beýniniň işlemegi bolsa garrylygy birneme yza süýşürýär..

1644837d4f1500.jpeg
2 ýyl ozal
Täsin sungat

Ýaponiýa diňe bir tehnologiýa taýdan ösen ýurt bolup, onuň ilaty dürli görnüşli robotlary ýasamak bilen çäklenmän, eýsem, olar döredijilik bilenem meşgullanýarlar. Her ýyl Niigatanyň we Kagawanyň meýdançalarynda saman heýkelleriniň bäsleşigi geçirilýär.

16448ddf774f2b.jpeg
2 ýyl ozal
Milli sungatymyza belent sarpa

Adamzadyň köp asyrlyk taryhynyň köklerini, edebi-ruhy gymmatlyklaryny, asyrlaryň jümmüşinden sünnälenip çykan iň nepis sungat eserlerini özünde jemleýän baý milli mirasymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy ruhy binýatlarynyň biri bolup durýar. Gadymy ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp, sungat derejesine ýetiren milli gymmatlyklary bu günki gün biziň her birimiziň buýsanjymyzy artdyryp, ruhumyzy galkyndyrýar.

16448de9f3b354.jpeg
2 ýyl ozal
SANLY TEHNOLOGIÝALAR — OKGUNLY ÖSÜŞIŇ GIREWI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetiň, saýlap alan hünärine ussat hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygy barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: “Biziň ýurdumyzda halkyň ykbaly üçin jogapkärçiligi öz üstüne almaga ukyply, ony barha çylşyrymlaşýan dünýäde öz yzyna düşürip, öňe alyp gitjek ýokary hünärli işgärler örän zerur”.

164497c4e98f3f.jpeg
2 ýyl ozal
Akyl dynçlygy: adama näme üçin möhüm!?

Özümizi aşa ýadadýarys we beýnimiziň dikelmegine ýol bermeýäris. Bu keýpiň, ýadyň we öndürijiligiň peselmegine getirýär. Näme üçin dynç almak zerur? Beýnimizi artykmaç maglumatlar bilen doldurýarys .Beýnimiz gelýän maglumatlary we gepleşikleri günüň dowamynda birnäçe sagatlap işleýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.