Habarlar
Habarlar

KÄMIL BILIM — ROWAÇLYGYŇ BINÝADY
Dünýä ykdysadyýetinde täze tehnologiýalarda sanly ulgama geçilmegi bilen bagly düýpli özgertmeler geçirilýär. Ýaş nesilleri ýüz ýyllyklaryň dowamynda halkymyz tarapyndan döredilen milli ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelemek, Watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýan, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, kämil hünärmenler hökmünde kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

YLYM-BILIME GIŇ ÝOL...
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda yglan edilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen jemgyýetinde ylym, bilim, hünär, terbiýe meselelerine bolan talaplar täze mazmuna eýe boldy. Bu talaplar bilim ulgamyny dolandyrmagyň, onuň jemgyýete peýdaly bolmagynyň we durmuşa hyzmat etmeginiň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen baglanyşykly täze wezipeleriň ýüze çykýandygy bilen şertlenendir.

GÖZELLIGIŇ DÜRDÄNESI AK ŞÄHERIM AŞGABAT
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde adam döwletiň iň gymmatly hazynasy hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Aşgabady ösdürmek boýunça kabul edilýän resminamalar paýtagtlylaryň eşretli durmuşda ýaşamagyny, zähmet çekmegini nazarlaýar. Bilşimiz ýaly, Aşgabat şäheri dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Sanly ulgam – ösüşleriň aýdyň ýoly
Ýurdumyzda sanly ulgama geçmekde aragatnaşyk pudagy häzirki döwürde iň kämil, iň täze üpjünçiligi bolan we halkyň gündelik durmuşyna uly ýeňillikleri döredýän ulgam hökmünde geljege tarap batly gadamlary ädýär. Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bu ulgamyň dürli pudaklaryny ösdürmek we olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny tehnologiýanyň täze gazananlary bilen üpjün etmek döwrebap amala aşyrylyp, milli ykdysadyýetimiziň häzirki ýagdaýy bilen deň derejede alnyp barylýar.

KÄMIL ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ KUWWATY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenendir. Häzirki döwürde ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy
Pederlerimiziň ruhy we medeni gymmatlyklaryny, asylly däp dessurlaryny ýaş nesle öwretmek we dowam etdirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynyň işgärleriniň öňe sürýän baş maksatlarynyň biridir. Ruhy ösüşimizde halkymyzyň meşhur şahsyýetleriniň edebi hem ruhy mirasyny öz halypaçylyk sapaklarymyzda talyplara öwretmegimiz ýokary görkezijileriň biri bolup durýar.

Günebakar çigidi: haýsy ýagdaýlarda ony iýmäge rugsat berilmeýär?
Bu çigit tagamly we garşy durmak kyn. Köpüsi telewizoryň gapdalynda ýa-da dostlary bilen skameýkada otyrka olary iýmegi halaýarlar. Günebakar çigidi hemmeler üçin peýdalymy? Olary iýmek gadagan adamlar barmy?" Aşgazan-içege ulgamynyň dowamly kesellerinden ejir çekýänler, şeýle hem diş saglygy bilen gyzyklanýanlar üçin arassalanmadyk çigitleriň sarp edilmegini çäklendirmek zerur.

Her gün banan iýmegiň ylmy esasly saglyga peýdasy
Banan iýmek bedeniň ýaşamagyna we sagdyn bolmagyna kömek edýär. Şol bir wagtyň özünde, bananyň ýürek saglygy üçin uly peýdalary bar.

Ýokary gan basyşy bolan adamlar üçin 4 önüm maslahat berilýär.
Ýokary gan basyşynyň bolmagyna iýýän iýmitimizdäki natriýa ýaramaz täsir edip biler. Dowamly ýokary gan basyşy bolan adamlara kaliý baý iýmitleri mümkin boldugyça köp iýmek maslahat berilýär.

Gözüň saglygyny gowulandyrmak üçin yzygiderli kabul etmeli 3 witamin
Gije-gündiz ulanýan enjamlarymyzdan ýaşyl yşyk, hapalanan howa, temperaturanyň üýtgemegi, sowuk möwsümi - bular göz keselleriniň sebäpleridir. Gözüň ýagdaýy, bedendäki beýleki zatlar ýaly, iýip-içýän zadyňyza, iýmitiň näderejede doly we dürli-dürli bolmagyna baglydyr. Ýöne göz saglygy üçin aýratyn möhüm bolan käbir witaminler bar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.