Habarlar
Habarlar
1619d3bdcb1014.jpeg
4 ýyl ozal
Kerkide ýylyň başyndan bäri 160 hojalyga öý telefony gurnaldy

Ilatyň sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden we aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmekleri üçin amatly şertleriň uly topary döredilýär. Hyzmatlaryň sanawynyň ýylsaýyn giňemegi, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullarynyň we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylyp başlanmagy ildeşlerimizi begendirýär.

1619d3da84112c.jpeg
4 ýyl ozal
Ýanwar-sentýabr: Türkmenistan bilen Gazagystanyň söwda dolanyşygy $143,7 milliondan geçdi

Gazagystan bilen Türkmenistanyň 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda daşary söwda dolanyşygy 143 million 767 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Gazagystanyň Strategiki meýilnamalaşdyryş we özgertmeler agentliginiň Milli statistika býurosynyň maglumatlarynda habar berilýär.

1619d3d2b3eeb9.jpeg
4 ýyl ozal
Ýanwar-oktýabr: türkmen-özbek söwda dolanyşygy 24% ýokarlandy

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 555 million 700 müň ABŞ dollaryna barabar boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 24% ýokarydyr. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň geçen anna güni çap eden hasabatynda maglumat berilýär.

1619aa2329db66.jpeg
4 ýyl ozal
Türkmen we özbek işewürleri bilelikdäki ulag kompaniýasyny döredip bilerler

Ulag we aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça penşenbe güni sanly ulgam arkaly türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi. Onuň dowamynda halkara ýük daşamalaryna gatnaşýan bilelikdäki ulag kompaniýasyny döretmek boýunça işewür toparlarynyň duşuşyklaryny geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

1619aa54c6f0d6.jpeg
4 ýyl ozal
Ulag düzüminiň sanly kartasy

Dünýä tejribesinde degişli desgalar barada geografik maglumatlary ýygnamak, saklamak, seljermek we grafik taýdan görmek üçin amatly görnüşe getirilen Geografik-maglumatly ulgamlaryň (GIS) giňden ulanylýandygy habar berildi. Bu ulgam degişli ýer bölekleriniň sanly kartasy görnüşinde bolup, onda desgalar barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilýär.

1619aa6d9d572f.jpeg
4 ýyl ozal
Türkmenistan we Özbegistan Hytaýdan Ýewropa ýükleriň daşalmagyny ilerletmekçi

Özbegistan we Türkmenistan “Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa” ugry boýunça Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen ýük gatnawlary üçin amatly şertleri döretmegi meýilleşdirýärler. Bu mesele ulag we logistika boýunça özbek-türkmen iş toparynyň penşenbe güni sanly ulgam arkaly wideo konferensiýa görnüşinde geçirilen ýygnagyň dowamynda maslahatlaşyldy.

4 ýyl ozal
Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen

Halkymyzyň geçmiş edebiýatynda görnükli yz goýan şahsyýetleriniň hatarynda Mäne Baba ady bilen tanalan Abu Sagyt Abulhaýyryň ady hormat bilen ýatlanýar. Abu Sagyt Abulhaýyr 967-nji ý ylda Kaka etrabynyň Mäne obasynda her dürli müşk-anbarlary, atyrlary, däri-dermanlary ýasaýan Abul Haýyr Muhammet ibn Ahmediň maşgalasynda dogulýar. Kakasy myhmansöýer, sahawatly adam bolansoň Abu Sagyt ýaşlygyndan kakasynyň gaşynda terbiýelenip, ýagşyzadalaryň, ylym-bilimden sowatly kişileriň söhbetlerini diňleýär.

161a144e1d5967.jpeg
4 ýyl ozal
Туркменистан и Азербайджан реализуют крупные проекты в сфере транспорта

Туркменистан и Азербайджан наращивают свой транспортный потенциал и реализуют крупные международные и региональные проекты в сфере транспорта. Об этом было сказано на онлайн-встрече представителей морских портов Азербайджана и Туркменистана, сообщает во вторник Trend со ссылкой на посольство Туркменистана в Баку.

161a29cb83b0ec.jpeg
4 ýyl ozal
BITARAPLYK — MILLI BUÝSANJYMYZ

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy — diňe bir giň möçberli milli maksatnamalaryň hem-de durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin däl, eýsem, ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, ähli döwletler we abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary giňeltmek üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar.

1619687e125938.jpeg
4 ýyl ozal
Paýtagtymyzda täze şäheriçi awtobus ugurlary ýola goýuldy

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, awtobus ugurlarynyň ýola goýlandygyny habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.