Habarlar
Habarlar
PÄHIM-PAÝHAS UMMANY - MAGTYMGULY PYRAGY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň baý hem–de şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän uludyr.
MAGTYMGULY — KÖŇÜLLERIŇ KÜÝSEGI
«Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren şahsyýetleriniň beýikligine barabar bolýar. Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir» diýip belleýän hem-de akyldar şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna çäksiz hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň nobatdaky Karary kalbymyzda egsilmez şatlygy döredýär.
Hasyl toýy - halkymyzyň buýsançly baýramy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda asylly işler durmuşa geçirilýär we gözel diýarymyzyň her bir güni toý dabaralara beslenýär. Her ýylyň noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanda Hasyl toýy giňden we dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Hasyl toýy diýilende gahryman, edermen daýhanlarymyzyň maňlaý derini döküp, irginsizlik bilen yhlasly çeken zähmetleriniň miweleri göz öňüňe gelýär.
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINDE YNSAN MERTEBESI
Magtymguly Pyragy özüniň ajaýyp şygyrlarynda türkmen halkyny birleşdirmek, halkyň agzybirligini gazanmak, Watany goramak hem söýmek, adamlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, adalatlylyk üçin göreşmek, ynsany bezeýän ahlaklylyk, ynsanperwerlik, kanagatlylyk, gara nebse çapmazlyk, ykbal, takdyr ýaly juda köp meseleleri özüniň liriki gahrymanynyň keşbine örän uly ussatlyk bilen siňdirip, çeperçiligiň şirin-şerbetine ýugrup suratlandyrýar.
ÄLEME DOLAN USSAT
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň baý hem–de şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän uludyr.
TÜRKI DÜNÝÄNIŇ MEDENI PAÝTAGTY
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlaryny biragyzdan goldadylar.
Siz — ýaşlaryň howandary, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Bu günki gün Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli hem-de ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.
TÜRKMENIŇ NUSGAWY ŞAHYRY
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini bellemäge taýýarlygyň çäklerinde türkmen alymlary onuň durmuşy we döredijilik mirasy barada täze golýazmalary işjeň gözleýärler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň işgärleri daşary ýurtlarda ylmy-döredijilikli saparlarynda bolup, şol ýerlerdäki ylmy merkezleriň kitaphanalarynda saklanýan türkmen halkynyň edebi hem-de taryhy çeşmeleri bilen tanyşdylar.
IV HALKARA TEATR FESTIWALY
Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Tatarstan Respublikasy, Türkiýe we Özbegistandan öňdebaryjy teatr toparlary 14-16-njy noýabr aralygynda Aşgabatda we Arkadag şäherinde geçiriljek “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly IV halkara teatr festiwalyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtynda ýygnandylar.
ŞATLYKLY HABAR
Ýaňy ýakynda Bütindünýä şäherler gününde ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azuleniň çözgüdine görä Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça resmi taýdan goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.