Habarlar
Habarlar
Ýaşlar bilen öňe barýar Diýarym
Ýaş nesiller ýurduň hereketlendiriji güýjüdir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty nesillerimiziň geljekde ruhy-medeni hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna itergi berer. Ösen jemgyýetimiziň işjeň güýjüne öwrülen türkmen ýaşlarynyň kämil bilimli we medeniýetli bolup ösüp ýetişmekleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny alyp barýar.
ŞYGYR ÄLEMINIŇ SÖZ USSADY
Halkymyzyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragy özüniň baý mazmunly hem-de köptaraply döredijilik mirasy bilen tutuş ömrüni halkyna bagyşlan beýik şahsyýetdir. Ol şahyrana şygyrlary bilen Gündogaryň jemgyýetçilik-syýasy we edebi-ruhy pikirlenmelerine güýçli täsir eden dünýä edebiýatynyň görnükli söz ussadydyr. Türkmen halkynyň kalbynda we aňynda baky ýaşaýan beýik şahyryň dana goşgulary bu günki gün dünýä ynsanlarynyň dilinde barha belentden ýaňlanyp, gadyry günsaýyn artýar.
SANLY YKDYSADYÝET — AÝDYŇ GELJEK
Döwletiň ösüş-özgerişiniň özenini ýurduň ykdysadyýeti düzýär. Ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylyp, sanlylaşdyrylyp, täzeçil usul bilen ýöredilmegi bolsa, ähli işleriň sazlaşygyna oňyn täsir edýär. Sanly özgertmeleriň dünýäde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe milli ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagatyny döretmek, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ykdysadyýeti kemala getirmek gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar.
SANLY BILIM — DÖWREBAP ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen sanly bilim ulgamyndaky ösüşleriň tizlik bilen giň gerime eýe bolmagy ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine çykarmaga güýçli itergi berýär. Şoňa laýyklykda ähli bilim edaralarynda okatmagyň innowasion usulyndan giňden peýdalanylýar. Bu bolsa talyp ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagyna, ylmy-barlag işlerini geçirmegine, täze tehnologiýalardan gowy baş çykarýan ökde hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam edýär.
Ylym-bilim ulgamy döwrebaplaşýar
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny mundan beýläk-de gowulandyrmagyň esasy şerti hökmünde bilim ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga hem-de yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy dünýäniň okgunly ösýän, ykdysady, medeni giňişlikde bäsdeşlige ukyply döwletleriň hataryna çykarmak üçin aýratyn tagalla edilýär. Türkmenistanda ylmy-tehniki ösüşden hem-de innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilýär.
Ýaşlar — Watan daýanjy
Häzirki döwürde ylym esasy ugurlaryň biri bolup, oňa ösüşleriň binýady hökmünde garalýar. Şonuň üçin hem ylym-bilimli kämil hünärmenleri ýetişdirmek bu günki günüň esasy wezipesidir. Ýaş hünärmenleriň ylymly, giň dünýägaraýyşly bolmagy ösüşiň täze mümkinçiliklerini kemala getirýär. Şoňa görä-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda ylym-bilime uly üns berilýär, ýaş hünärmenleriň ylymly bolmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
SANLY ULGAM WE MAGLUMAT HOWPSUZLYGY
Maglumat gurşawy bu günki gün jemgyýetiň ähli ugurlarynda işjeň ulanylýar. Ol bir tarapdan, ykdysady, gorag, sosial, syýasy we milli howpsuzlygyň düzüm bölekleriniň ýagdaýyny mese-mälim kesgitleýär hem-de dürli jemgyýetçilik gurluşyň howpsuzlygyna täsir edýär. Beýleki tarapdan, maglumat howpsuzlygy howpsuzlygyň özbaşdak bölegi, ähmiýeti we alamaty hökmünde çykyş edýär.
Bagtyýardyr ogul-gyzyň, jan Watanym Türkmenistan!
Baky berkarar Watanymyz häzirki eşretli döwrümizde hemmetaraplaýyn düýpli özgerýän we dünýäniň ösüşine oňyn täsir edýän ýurt hökmünde tanalýar. Şeýle asuda, abadan ýurduň bagtyýar geljeginiň ýaş nesle baglydygyndan ugur alnyp, ýokary bilimli, döredijilikli, häzirki zaman ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryndan baş çykarýan ýaş nesli kemala getirmek maksady bilen, döwrebap bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, bilim ulgamyna täze tehnologiýalar, ylmyň gazananlary giňden ornaşdyrylýar.
Geňeşli işler ýeňişlere eltýär
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy wakalary ýurt ykbalynda täze sahypalary açýar. Garaşsyz Diýarymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda ýokary ähmiýete eýe bolup, ýyl senenamasyna altyn harplar bilen ýazylan wakalaryň biri hem Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary guramaçylykly we üstünlikli geçirilmegi bilen baglydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen bu döwletli maslahata gatnaşmak bize hem nesip etdi.
Ýaşlar — rowaçlygyň kuwwatly güýji
«Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen şygary dabaralandyrýan ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamak ugrunda uly möçberli işler alnyp barylýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.