Habarlar
Habarlar
15ea6d6033f4c8.jpeg
1 ýyl ozal
At — myrat

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2024-nji ýylda – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bedew bady bilen barha öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Häzirki günlerde türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna giň gerimde taýýarlyk görýär. Bu baýramçylygyň döwlet derejesinde bellenilmegi ýurdumyzda ahalteke bedewlerine goýulýan sarpadan nyşandyr.

16464a86faf79f.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Esasy Kanuny – baky berkararlygymyzyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki mertebesini has-da artdyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hukuk namalarynyň, şeýle hem gol çekilen halkara şertnamalaryň kadalarynyň berjaý edilmegi ýurdumyzda raýat hukugyny goramagyň dünýäniň talaplaryna laýyk derejede guralýandygyndan habar berýär.

16231c9cd2e347.jpeg
1 ýyl ozal
ÝERDE NOWRUZ HORMATY

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni şatlyk-şowhuny, ýakym-ýaraşygy has-da başgaça! Egsilmez ylham-joşgunyň, ak arzuwlaryň, ýagşy niýetleriň, belent maksatlaryň gözbaşy bolan bu baýram halkymyzyň ruhuny has-da belende göterip, tutumly, beýik işlere galkyndyrýar.

165e94ebc440ad.jpeg
1 aý ozal
8-nji mart – Halkara zenanlar güni

Bahar pasly gülleriň müşk ysynyň burk urýan, tebigatyň durkudyr howasy bilen täzelenýän döwridir. Bu paslyň ilkinji günlerinde, ýagny, 8-nji martda Halkara zenanlar güni dünýä ýüzünde giňden bellenilýär.

1644985ad1d2c1.jpeg
1 ýyl ozal
Daşary ýurt dillerini öwretmekde sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda bilim ulgamynyň işiniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna yzygiderli üns berilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň uly ösüşlere eýe bolýandygyny orta we ýokary okuw mekdeplerde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylýanlygyndan hem görmek bolýar.

1626b5672f366a.jpeg
1 ýyl ozal
Ekologiýa — ýaşaýşyň özeni

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ýurdumyzyň ösüş ýoluny şan-şöhrata beslemek biziň el-ele berip, birek-birege düşünip, ähli gujur-gaýratymyzy bir ýere jemläp, halal zähmet çekip gazanjak ýeňişlerimize baglydyr» diýýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de bioköpdürlüligi üpjün etmäge aýratyn üns berilýär.

1626b57b25b4f4.jpeg
1 ýyl ozal
Oba hojalygy — ykdysadyýetiň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasaty ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, düşewüntliligi artdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirlendir. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýyladyşhanalar, sowadyjy ammarlar, maldarçylyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar gurlup ulanylmaga berilýär, oba hojalyk pudagy toplumlaýyn sanlylaşdyrylýar.

1626bdffb8b7b8.jpeg
1 ýyl ozal
Tebigata söýgi — Watana söýgi

Eziz Diýarymyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine uly üns berilýär. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda öňde goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ekologiýa bilen bagly meseleleri çözmegiň adamzat jemgyýetiniň mundan beýläk-de durnukly ösüşi bilen baglydygy giňden wagyz edilýär, geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.

162a991a9e08c7.jpeg
1 ýyl ozal
GALLALY MEÝDAN – TYLLALY MEÝDAN

Ene ýeriň hakyky eýeleri bolan gallaçy daýhanlaryň arly ýyllap çeken yhlasly zähmetleri ýerine düşendiginiň alamaty hökmünde şu günler ak bugdaýly pellerde nurlanýan bol galla hasyly buýsanjyňy goşalandyrýar. Babadaýhanlarymyza berilýän ýeňilliklerden giňden peýdalanyp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek işine oba hojalyk işgärleri saldamly goşant goşýar. Galla oragyna ak pata bermegi bolsa Watanymyzyň ak ekinli meýdanlarynda hyjuwly zähmetiň joşmagyny alamatlandyrýar.

1636b3fa109630.jpeg
1 ýyl ozal
OBA HOJALYGY: DÖWREBAP ÖZGERTMELER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny döwrebap ösdürmek ugrunda uly özgertmeler amala aşyrylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem oba hojalygyny özgertmegiň toplumlaýyn maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.