Habarlar
Habarlar
167caa9fe8a627.jpeg
1 ýyl ozal
Ene mertebesiniň waspy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe enelere hormat goýmakda, gelin-gyzlarymyzy mertebelemekde döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan uly ähmiýetli işler ýurtda zenanlarymyzyň derejesini belende göterdi. Mähriban enelerimiziň ýaza meňzeş ýüregi, nirede bolsak hem biziň bilendir. Dünýäde iň mukaddes, iň näzik zatlary bahara, bahary bolsa enelere deňeýärler.

1664f8fd64a693.jpeg
1 ýyl ozal
BAŞ MAKSAT — KÄMIL HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK

Ähli ösüşleriň özeninde bilimiň durandygy mälimdir. Şonuň üçin-de bu ulgama aýratyn üns gönükdirilýär. Ýurdumyzda bilimiň binýady berkden tutulyp, onuň kanunçylyk-hukuk derejesi berkidilýär. Şonuň ýaly-da halkara bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, dünýäniň öňde baryjy döwletleriniň bu ugurda gazanan oňyn tejribesini öwrenmäge we milli nusgalara laýyk getirip ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

1609c2f358378e.jpeg
1 ýyl ozal
AŞGABADYM – GÖWÜN ŞADYM

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni uly ruhubelentlige, toýdur-baýramlara beslenýär. Ine, şeýle toýlarymyzyň biri hem 25-nji maýda baýramçylyk dabarasyna öwrüljek ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň günüdir. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherimiz bu günki günde dünýä ýüzüni haýrana goýýar. Göreniňde gözüň eglenip, synlanyňda synyň oturýan Aşgabat şäheri bu günki gün hakykatdan hem Gündogaryň iň owadan merjen şäherine öwrülýär.

1641099eee996b.jpeg
2 ýyl ozal
Gelse Nowruz ilime...

Nowruz baýramy öz köklerini taryhyň gadym döwürlerinden alyp gaýdýar. Bu baýramçylyk barada nusgawy şahyrlarymyz hem öz döredijiliginde uly joşgun bilen, guwanç bilen agzap geçýärler. Ylaýta-da Nowruz barada, onuň asmany-zemini jana getirişi hakynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy şeýle çeper we jaýdar belläp geçýär:

167da955a21615.jpeg
1 ýyl ozal
Gelse Nowruz äleme...

Asyrlar boýy ulydan baýram edilip gelinýän Nowruz baýramynyň türkmen halky üçin ähmiýeti örän ulydyr. Nowruz täzelenişiň, päkizeligiň, Zemin asudalygynyň nyşanyny aňladýan özboluşly baýramçylykdyr. Bu baýramyň taryhy kökleriniň müňýyllyklara uzaýşy ýaly, onda ýerine ýetirilýän däp-dessurlar hem gadymylygy bilen tapawutlanyp many-mazmuna baýdyr.

1641a9e415136d.jpeg
1 ýyl ozal
Nowruz – gözelligiň baýramy

Zeminiň gözelligine üýtgeşik öwüşgin çaýýan Halkara Nowruz baýramçylygy öz köküni has gadymýetden alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz müň ýyllyklaryň dowamynda “Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň ýaz”, “Ýylyň gelşi Nowruzdan bellidir” ýa-da “Nowruz gelse, buz durmaz” ýaly çuň manyly aýtgylary döredipdirler.

1693975f779106.jpeg
4 aý ozal
BILIM ULGAMYNDA DÖWREBAP TEHNOLOGIÝALAR GIŇDEN ORNAŞDYRYLÝAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegini, geçmişini, kuwwatyny, ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri ylym-bilim pudagy bolup durýar. Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

165a5725961220.jpeg
2 ýyl ozal
Söz ussady Magtymguly Pyragy

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda häsiýetlendirilýän mert ýigide gylyçdan beter ahlak, ynsan ölçegleri mahsusdyr. Bu ýerde mertlik diýen düşünje täze many-mazmuna eýedir: “Mert göwnünde daýym namys-ar artar...” Mertlik – durmuşdaky adam gatnaşyklarynyň hadysasy. Akyldaryň mertlik düşünjesinde harby many ikinji orunda  bolup, birinji orunda ruhy-ahlak gymmatlyklary durýar.

165a6c5ab1f718.jpeg
2 ýyl ozal
ÝAŞ NESLIŇ BAGTYÝARLYGYNYŇ KITABY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň uly üstünliklere beslenen ýyllaryndan biri bolan 2023-nji ýyl bagtyýar ýaşlaryň durmuşynda, hakydamyzda we aňymyzda müdimilik orun alýar. Biz bu ýylyň ilkinji günlerinden başlap ýaş nesliň şu günki we geljekki ykbaly bilen baglanyşykly göwün galkyndyryjy wakalaryň birnäçesiniň şaýady bolduk.

165c6f7dc1a2d5.jpeg
2 ýyl ozal
Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen baý edebi mirasymyzyň düýpli we hemmetaraplaýyn öwrenilişi barha giň gerime eýe bolýar. Geçen ýylyň 10-njy dekabrynda «Şuşa – türki dünýäniň medeni paýtagty-2023»-iň ýapylyş dabarasy bolup geçdi.  Çäräniň çäginde TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň sazlaýjysy diýen wezipe Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowa geçirildi, «Türki dünýäniň medeni paýtagtynyň» nyşany bolsa Änew şäheriniň häkimi Röwşen Jumaýewe gowşuryldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.