Habarlar
Habarlar
16137bb68e153e.png
4 ýyl ozal
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyz bagtyýar ýaşaýşyň ýurduna öwrüldi. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni baýdak edinip, durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler Türkmenistan döwletimiziň syýasy durnuklylygyny, ösüşini, ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.

1641ecb36910a3.jpeg
3 ýyl ozal
ÝAŞ HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK – ÝOKARY OKUW MEKDEBIŇ BAŞ WEZIPESI

Ulag we kommunikasiýalary pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýar. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty ulag pudagyna ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly hünärmenler bilen üpjün etmek meselesine ýardam edýär. Institut 2019-nji ýylyň 12-nji iýunynda döredildi we häzirki wagtda onuň düzüminde 6 fakultet, 19 kafedra hereket edip, jemi 27 hünär boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.

16422cbccf12c3.png
3 ýyl ozal
BIZ WATANYMYZYŇ SÜŇŇI HALAL, DOGRUÇYL, AGZYBIR ÝAŞLARY BOLMALYDYRYS

Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň aladalary bilen ýaş nesliň kämil, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, dünýä derejesinde ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Halkymyz özüniň şöhratly taryhynda hem terbiýe meselesini hemişe üns merkezinde saklap gelýär. Ata-babalarymyz terbiýe meselesine iňňän jogapkärli çemeleşip, ony ýaşlaryň kalbyna ornaşdyrmagyň özboluşly ýollaryny tapypdyrlar.

1643120e03ac60.jpeg
3 ýyl ozal
ÝOKARY TIZLIKLI AWTOMOBIL ÝOLYNYŇ ÝOLÝAKA HYZMATLARYNYŇ TEHNIKI ÜPJÜNÇILIGI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary we taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda sebit, dünýä ähmiýetli iri taslamalaryň, şol sanda ulag ýollarynyň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda türkmen telekeçileri ýurdumyzyň iri gurluşyklarynda yhlasly zähmeti, uly üstünlikleri bilen mähriban Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.

16433c524d5e51.jpeg
3 ýyl ozal
KÄMIL HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK TÄZE ÜSTÜNLIKLERE ITERÝÄR

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän nesillerimiz hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasaty netijesinde bilimli, giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmäge, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegine, mähriban halkymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine halkymyzyň intellektual kuwwaty bolan ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilýär.

16436e7ea565a5.jpeg
3 ýyl ozal
TALYP ÝAŞLARY YLMY IŞLERE UGRUKDYRMAK

Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmak, jemgyýetiň agzybirligini gazanyp, sazlaşykly durmuşy üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän işlere ýaşlary ugrukdyrmak, olaryň Watan berkararlygynyň, il-günüň abadançylygynyň, durnukly ösüşiň dowamat-dowam bolmagyna gönükdirilen täze başlangyçlary amala aşyrmaga gatnaşmaklaryny gazanmak ilkinji wezipedir.

16437e996acdd0.jpeg
3 ýyl ozal
BILIMLI WE HÜNÄRLI ÝAŞLAR

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň okap, zamanabap bilim almaklary, ezber hünärmenler bolup, ýurdumyzy mundan beýläkki ösüşlere äkitmäge goşant goşmaklary üçin düýpli tagallalar durmuşa geçirilýär.Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri döwrebap bilim hem-de öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalaryň möhüm merkezine öwrülýär. Muňa talyplardyr ýaş alymlaryň ylmy işleriniň we innowasion işläp taýýarlamalarynyň ýokary netijeleri hem aýdyň delildir.

16438facbf26a4.jpeg
3 ýyl ozal
Mehanizasiýanyň oba hojalygyndaky orny

Döwrebap ýörite enjamlar agrosenagat toplumynyň ösmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Aýry-aýry amallary ýa-da tehnologiki amallary mehanizasiýa we awtomatlaşdyrmak arkaly zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin döredilen oba hojalygy tehnikasynyň ähmiýeti uludyr. Adamzat gadymy döwürlerden bäri oba hojalygy önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin tehnologiýadan peýdalanýar.

1643c581da9e54.jpeg
3 ýyl ozal
TÜRKMEN HALYSY NEPISLIGIŇ SUNGATY

Halkymyz asyrlarboýy özüniň milli gymmatlyklaryny gorap we ösdürip gelen halkdyr. Türkmeniň sungat derejesine göterilen halyçylyk senedi hem bedew atlary, saryja goýuny, aw guşlary mysaly halkymyzyň abraý-mertebesini äleme aýan edip, şöhratyny göterip gelipdir. Halkymyzyň milli gymmatlygy hökmünde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nury bolup dünýä şöhle salýar. Bu gün nirä barsaň, haýsy döwlete myhman barsaň, törden orun alan türkmen halysyny görmek bolýar.

16452609eb6b63.jpeg
3 ýyl ozal
INSTITUTYMYZDA LOGISTIKA DERSI BOÝUNÇA ILKINJI GEZEK INTERNET BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, 2009-njy ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň «Bilim hakynda Kanuny» kabul edildi we bilim ulgamynyň berk hukuk binýady döredildi. 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny rejelenen görnüşde kabul edildi. Bu Kanun ýurdumyzda bilim ulgamynyň işiniň guralyşyny, bilim babatdaky gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.