Habarlar
Habarlar
Sanly ulgam – ösüşleriň aýdyň ýoly
Ýurdumyzda sanly ulgama geçmekde aragatnaşyk pudagy häzirki döwürde iň kämil, iň täze üpjünçiligi bolan we halkyň gündelik durmuşyna uly ýeňillikleri döredýän ulgam hökmünde geljege tarap batly gadamlary ädýär. Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bu ulgamyň dürli pudaklaryny ösdürmek we olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny tehnologiýanyň täze gazananlary bilen üpjün etmek döwrebap amala aşyrylyp, milli ykdysadyýetimiziň häzirki ýagdaýy bilen deň derejede alnyp barylýar.
KÄMIL ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ KUWWATY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenendir. Häzirki döwürde ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy
Pederlerimiziň ruhy we medeni gymmatlyklaryny, asylly däp dessurlaryny ýaş nesle öwretmek we dowam etdirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynyň işgärleriniň öňe sürýän baş maksatlarynyň biridir. Ruhy ösüşimizde halkymyzyň meşhur şahsyýetleriniň edebi hem ruhy mirasyny öz halypaçylyk sapaklarymyzda talyplara öwretmegimiz ýokary görkezijileriň biri bolup durýar.
Günebakar çigidi: haýsy ýagdaýlarda ony iýmäge rugsat berilmeýär?
Bu çigit tagamly we garşy durmak kyn. Köpüsi telewizoryň gapdalynda ýa-da dostlary bilen skameýkada otyrka olary iýmegi halaýarlar. Günebakar çigidi hemmeler üçin peýdalymy? Olary iýmek gadagan adamlar barmy?" Aşgazan-içege ulgamynyň dowamly kesellerinden ejir çekýänler, şeýle hem diş saglygy bilen gyzyklanýanlar üçin arassalanmadyk çigitleriň sarp edilmegini çäklendirmek zerur.
Her gün banan iýmegiň ylmy esasly saglyga peýdasy
Banan iýmek bedeniň ýaşamagyna we sagdyn bolmagyna kömek edýär. Şol bir wagtyň özünde, bananyň ýürek saglygy üçin uly peýdalary bar.
Ýokary gan basyşy bolan adamlar üçin 4 önüm maslahat berilýär.
Ýokary gan basyşynyň bolmagyna iýýän iýmitimizdäki natriýa ýaramaz täsir edip biler. Dowamly ýokary gan basyşy bolan adamlara kaliý baý iýmitleri mümkin boldugyça köp iýmek maslahat berilýär.
Gözüň saglygyny gowulandyrmak üçin yzygiderli kabul etmeli 3 witamin
Gije-gündiz ulanýan enjamlarymyzdan ýaşyl yşyk, hapalanan howa, temperaturanyň üýtgemegi, sowuk möwsümi - bular göz keselleriniň sebäpleridir. Gözüň ýagdaýy, bedendäki beýleki zatlar ýaly, iýip-içýän zadyňyza, iýmitiň näderejede doly we dürli-dürli bolmagyna baglydyr. Ýöne göz saglygy üçin aýratyn möhüm bolan käbir witaminler bar.
Zeýtun ýagynyň bejeriş aýratynlyklary
Zeýtun ýagynyň bejeriş aýratynlyklaryna baha bermek kyn. Gadymy grekleriň zeýtuny ýaşaýyş, saglyk we hasyllylyk agajy diýip atlandyrmagy ýöne ýere däldir. Zeýtun ýagy adam we saglygy üçin nähili peýdaly?
Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip
Jemgyýetiň we döwletimiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Daşoguz welaýatynyň ýörite orta okuw mekdepleriniň arasynda hem zenan mugallymlarynyň arasynda sport çäresi geçirildi. Olar sportyň şaşka, stol tennisi, woleýbol ýaly gornuşleri boýunça bäsleşdiler.
Gadymdan gelýän mäş ekini barada
Türkmenleriň gadymy aş-höreginiň biri bolsa mäşdir. Dünýä derejesinde mäşe bolan islegiň ýyl-ýyldan artmagy bilen, ony ösdürip ýetişdirýän daýhanlara ykdysady taýdan bähbitli hem girdejili boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.