Habarlar
Habarlar
Ekologiýa abadançylygy — halkymyzyň baýlygy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ata Watanymyzyň täsin we gözel tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny durnukly üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatymyzyň ekologiýa medeniýetini kämileşdirmek meselesine aýratyn uly ähmiýet berýär.
Bir çaý çemçesi zeýtun ýagy ýüregiň saglygyna nähili täsir edýär?
Zeýtun ýagynyň peýdalary barada köp adam bilýär. Alymlar zeýtun ýagynyň we beýleki ösümlik ýaglaryna görä ýürek üçin pikir edişimizden has peýdalydygyny aýdýarlar. Zeýtun ýagynyň peýdalary.
BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ ŞANLY GADAMLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkyna uly bagty peşgeş berdi. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk halkymyzyň milli akabasyna dolanyp gelmek isleginiň, erkanalyk ruhunyň köňüllerde şinelän binýady netijesinde bina boldy. Sebäbi türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde geçmişde azat hem erkin durmuşy gurmaklygyň gymmatynyň aýratyn orny bardy.
Wagt bu uly gymmatlykdyr
Şu gün etmeli işiňizi, sapagyňyzy ýa-da meseläňizi ertire goýmaň. Sebäbi her günüň öz işi bar. Bir gezekde diňe bir zady ediň, bir sapak, bir kitap, hatda bir bap üstünde işläň. Pikiriňizi sowmazlyk üçin.
Saglyk - baş baýlyk
Her ýylyň 7-nji apreli 1948-nji ýylda döredilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan kabul edilen, Bütindünýä saglyk günini ähli ýurtlar diýen ýaly gyzgalaňly ýagdaýda belleýärler. Bu baýramy bellemeklik 1950-nji ýyldan bäri dünýä ýurtlarynda, şeýle-de biziň ýurdumyzda-da uly däbe öwrüldi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 194 sany döwletiň agzalygyndan ybaratdyr. Onuň esasy baş wezipesi dünýä ilatynyň halkara saglyk meselelerini çözmekdir.
parahatçylyk söýüjilik SYÝASATYMYZ — BAGTYMYZYŇ BINÝADY
Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk eýýamy türkmenistanlylar üçin ählitaraplaýyn gülläp ösüşiň döwrüne öwrülip, ol bagtyýar halkymyzy täze ajaýyp işleri döretmäge ruhlandyrdy. Şunda hormatly Prezidentimiziň asyrlarboýy parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we hoşniýetlilik ýörelgelerini wagyz edýän türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alýan däplerini aýawly saklamakda görnükli ornunyň bardygyny aýratyn nygtamak gerek.
ÖSÜŞIŇ TÄZE TAPGYRY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden we geljekki ösüşleri nazarlaýan sanly ulgam özgertmeleri barha ýaýbaňlandyrylyp, bu babatda maksatnamalaýyn işleriň gerimi has-da giňeýär. Uly üstünliklere beslenip gelýän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem eziz Durmuşymyzyň ähli ugurlarynda sanly ykdysadyýete esaslanýan uzakmöhletleýin maksatnamalar amala aşyrylýar.
KÄMIL BILIM — ROWAÇLYGYŇ BINÝADY
Dünýä ykdysadyýetinde täze tehnologiýalarda sanly ulgama geçilmegi bilen bagly düýpli özgertmeler geçirilýär. Ýaş nesilleri ýüz ýyllyklaryň dowamynda halkymyz tarapyndan döredilen milli ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelemek, Watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýan, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, kämil hünärmenler hökmünde kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.
YLYM-BILIME GIŇ ÝOL...
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda yglan edilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen jemgyýetinde ylym, bilim, hünär, terbiýe meselelerine bolan talaplar täze mazmuna eýe boldy. Bu talaplar bilim ulgamyny dolandyrmagyň, onuň jemgyýete peýdaly bolmagynyň we durmuşa hyzmat etmeginiň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen baglanyşykly täze wezipeleriň ýüze çykýandygy bilen şertlenendir.
GÖZELLIGIŇ DÜRDÄNESI AK ŞÄHERIM AŞGABAT
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde adam döwletiň iň gymmatly hazynasy hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Aşgabady ösdürmek boýunça kabul edilýän resminamalar paýtagtlylaryň eşretli durmuşda ýaşamagyny, zähmet çekmegini nazarlaýar. Bilşimiz ýaly, Aşgabat şäheri dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.