Arkadagly ýurduň geljegi ýaşlar

29-12-23

Döwletli döwranlylygyň, bagta hemdem rysgal-bereketliligiň tarypy bolup ýaňlanýan makalamyň başyny biz — ýaşlaryň ýüregimizde gaýnap joşýan beýik maksatlarymyza ýetmekde, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, dünýä tehnikalaryndan baş çykarýan kämil adamlar bolup ýetişmegimizde çäksiz uly aladalar edýän Arkadagly Serdarymyza bolan ýürek buýsanjymyz bilen başlamakçy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda ýaşlaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän milli kanunçylyk ulgamy döredildi. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak babatynda utgaşykly işler ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, häzir ýaşlar döwlet, häkimiýet, dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda netijeli zähmet çekýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow örän ähmiýetli we anyk wezipeleriň toplumyny, jemgyýetçilik birleşiginiň ýaşlar barada, milli ösüş strategiýalary babatda ýerine ýetirmeli esasy işiniň ugurlaryny kesgitledi. Şolaryň hatarynda ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ýaş nesilleriň arasynda milli däp-dessurlary, ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, zähmetsöýerligi, raýat jogapkärçiligini, watansöýüjiligi, döredijilik ukyplaryny terbiýelemek, olaryň şahsy başarnyklarynyň ýokarlanmagyny, jemgyýetçilik birleşiklerine gatnaşmaklaryny goldamak, ýaşlaryň telekeçilik bilen birlikde beýleki başlangyçlaryny hem höweslendirmek wezipeleri durýar.

Şu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Arkadagly Serdarymyz «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekdi. Täze Kanunyň işlenip taýýarlanylmagy döwlet Baştutanymyzyň teklibi esasynda ýurdumyzyň Milli Geňeşi tarapyndan amala aşyrylandygyny bellemek wajypdyr. Kanunyň kabul edilmegi ýaşlaryň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka boldy. Ol döwrüň anyk ýagdaýlaryny beýan edýär hem-de häzirki täze eýýamda ýurdumyzyň hut ýaş nesilleriniň durmuşa geçirmeli maksatnamalaýyn işlerini amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Arkadagly Serdarymyz gurultaýdaky taryhy çykyşynda: «Ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir» diýip nygtady.

Täze Kanunyň baş maksady ýaşlaryň Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden, ýaş nesilleri halkymyzyň gadymy ruhy-ahlak däpleriniň, hakyky watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin oňaýly hukuk şertlerini üpjün etmekden ybaratdyr. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi düzüm we mazmun taýdan kämilleşdirildi hem-de baýlaşdyryldy. Resminama «Ýaşlaryň watançylyk terbiýesi» diýen täze bölüm goşuldy. Bu bolsa ýurdumyzyň ýaşlaryna Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza soňsuz söýgini, onuň gazananlaryna guwanjy terbiýelemäge gönükdirilen hem-de biziň milliligimize kybap gelýän terbiýeçilik, wagyz-ündew ediş çäreleriniň geriminiň giňeldilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Ýaşlara döwlet tarapyndan goldaw berilmegi, ýaşlar birleşikleriniň işi, ýaşlaryň we ýaşlar birleşikleriniň halkara hyzmatdaşlygy, bu ugurda hereket edýän beýleki kadalar döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi. Ýaşlaryň ykdysady taýdan özbaşdak bolmagyny, olaryň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady we medeni durmuşa işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmäge hem-de ýaş raýatlaryň hukuklaryny goramaga, borçlaryny durmuşa geçirmäge, olaryň döwlet tarapyndan goldanylmagyna gönükdirilen birnäçe ýeňillikler göz öňünde tutuldy.

Ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek nukdaýnazaryndan, milli kanunçylygyň çäklerinde we halkara ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýändigini bellemek aýratyn ýakymlydyr. Dünýäniň häzirki zaman syýasy, ykdysady we durmuş şertlerinde ýaşlar syýasaty ýurduň ösüşi bilen birlikde, uzak möhletleýin geljegi, umuman, halkara gatnaşyklaryň hem ösüşini kesgitleýän strategik ugra öwrülýär. Ýurt Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 2-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde döwlet ýaşlar syýasatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça geçirilen ýaşlar forumynyň tutýan ornuny aýratyn belledi. Bellenilişi ýaly, forumyň dowamynda tassyklanan Kanun ýaşlara döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň dürli ugurlarynda ukyp-başarnyklaryny doly açmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Biz — ýaşlara okamaga, öwrenmäge, ylym äleminde giňden ganat ýaýmaga ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! 

Hezret AHMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby. 

16723195087e18.png
DÜNÝÄDE MEŞHURLYK GAZANAN KETENI

Halkymyzyň asyrlar boýy sünnäläp sungat derejesine ýetiren gymmatlyklarynyň biri hem türkmen milli lybaslarydyr. Lybaslar dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyny düzýän mirasymyzyň naýbaşy nusgalarynyň hatarynda durýar. Olar halkymyzyň çeper döredijiliginiň iň nepis gözelliklerini özünde jemleýär.


167231688181df.png
GADYMY SÖWDA ÝOLLARY

Arheologlar gündogar Özbegistanyň daglarynda iki sany orta asyr şäheriniň harabalyklarynyň üstünden bardylar. Bu barada BBC habar berdi diýip, «Belta.by» ýazýar.


1672315cc286f1.png
GYMMATLY GADYMY EL IŞLERI

Türkmen halky her bir işiň başyny başlanda birnäçe yrym-ynançlary, däp-dessurlary ýerine ýetirýärler. Hojalygyň ähli ugurlary boýunça haýsy işiň başy başlansa ýagny, maldarlar mal bakanda, binagärler öý gurup başlanlarynda, bugdaý hasyly ekilende we ýygnalanda we gelin-gyzlarymyz hem öz el işlerine başlanlarynda hökman bir dessury ýerine ýetirýärler. Şol sanda türkmen halky sähetli gün diýip hem ýörite özleriniň gün senenamalaryny ýöredýärler.


16723134dcfc7b.png
GÜNORTA AZIÝANYŇ TÄSIN ÝURDY

Hytaý owadan we gadymy medeni ýurtlaryň biridir. Hytaýly alymlaryň pikiriçe, Hytaýda 3600 ýyldan gowrak ýazuw medeni taryhy bar. Medeniýet we däp-dessurlar ýurduň medeni aýratynlygydyr. Hytaý medeniýetiniň ägirt uly bölümleri we görnüşleri bar. Dünýäniň her künjegi diýen ýaly hytaýlaryň medeniýeti we ilaty barada bilýärler we azda-kände özlerine täsirini geçiripdirler, emma şonda-da Hytaý Günbatar dünýäsi üçin gaty geň we syrly bolup görünýär.


Reňkler barada

Reňkleri anyk saýgaryp bilmeýän adamlar adaty görüş ukyply adamlara garanyňda, gije has gowy görýärler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.