GYMMATLY GADYMY EL IŞLERI
31-10-24

Türkmen halky her bir işiň başyny başlanda birnäçe yrym-ynançlary, däp-dessurlary ýerine ýetirýärler. Hojalygyň ähli ugurlary boýunça haýsy işiň başy başlansa ýagny, maldarlar mal bakanda, binagärler öý gurup başlanlarynda, bugdaý hasyly ekilende we ýygnalanda we gelin-gyzlarymyz hem öz el işlerine başlanlarynda hökman bir dessury ýerine ýetirýärler. Şol sanda türkmen halky sähetli gün diýip hem ýörite özleriniň gün senenamalaryny ýöredýärler. Mysal üçin: anna güni (penşenbe güni), anna agşamsy diýip hiç bir işiň başyny başlamaýarlar. Şolar ýaly dessurlary biziň milli geýimlerimiz taýýarlanylanda hem duş gelmek bolýar. Bir zady unutmaly däl, türkmen halky islendik kada-kanunyny, däp-dessuryny uzyn taryhyň dowamynda oýlap-ölçerip, pähim-paýhas eleginden geçirip, taraşlap-taraşlap kämil döretdi, özem zerur bolandan soň döretdi.
Türkmeniň milli egin-eşikleri biziň milletimiziň daşky görnüşi däl, ol köp babatda tebigat bilen hem baglydyr . Türkmenleriň dabaralara-baýramlara geýýän reňkli matalary hoşboý ysly bolýar.Ýylyň galan pursaty maýsasy asmana aýlanan sähra sary gussa, sary tukatlyk bolup ýatyr. Şol sebäpli türkmen gelin-gyzlary ýazda ýiti açyk ýaşyl, gyzyl, al, melewşe, gök reňklerinden bolan eşikleri geýýärler. Şeýdibem, türkmen gelin-gyzlary türkmeniň gysgajyk ýazyny ýyl boýy dowam etdirýär.Türkmen ýigitleriniň geýýän toý geýimleri hem ýazyň reňkinde. Söweş güni türkmen ýigitleri mele çäkmenli, mele silkmeli. Türkmen kazylyk atlary hem mele bolýar. Ol reňkdäki geýim-gejimler bolsa, tebigatyň reňki bilen dessine garyşyp gidýär. Jahankeşdeleriň türkmen ýigitleriniň söweş usuly barada : “Olar hamana ýerden çykan ýaly birden peýda bolýarlar, gerek wagty hem ýere giren ýaly zym-zyýat bolýarlar” diýip ýazmasynyň syry nämede jemlenýär.
Türkmen halky özi üçin öndürýän keteni, begres, daraýy, gyrmyzy donluk, çäkmenlik matalary dokamagy şeýle bir kämil derejä ýetiripdir , hat-da XX asyryň ösen dokma senagaty hem olaryň milli eşikleri çalyşdyrar ýaly kämil matany öndürip bilmedi. Türkmen milli egin-eşikleriniň öz toplumy boýunça Orta Aziýanyň beýleki halklarynyň arasynda adaty egin-eşiklere ýakynlygy bardyr. XIX asyryň aýaklary XX asyryň başlary türkmen halkynyň egin-eşiklerinde umumy milli däpleriniň asyl nusgasyndaky “köneçillik” berkligini saklap gelen döwri hasaplanýar. Şol döwre degişli zenan egin-eşikleri özüniň umumy sypaty, millilik häsiýetleri boýunça birnäçe ýüzýyllyklaryň dowamynda özboluşly amallary çeperçilik taýdan has-da baýlaşyp, goňşy halklaryňkydan düýpgöter tapawutlanypdyr.
Türkmen milli egin-eşikleriniň aýratynlyklary olaryň bejergilerinde we salynýan nagyşlarynda görmek bolýar. Geçmişde XX asyryň dowamynda çeper bejergisi sungat hökmünde özüniň belent sepgidine ýetýär. Türkmen gyzlary haçanda 7-10 ýaşa ýetenden soň bejergiň usullaryny we tilsimlerini ele alýar. El bejergileri – zenanlarda, erkekleriň we çagalaryň eşiklerinde, köýneklerinde, baş gabynda (tahýa, börük), baş atgyçlarynda (çyrpy, kürte, bürenjek), egne geýilýän donlar, aýallaryň aýak geýimlerinde bejergiler edilýär. Türkmen bejergileriniň reňk öwüşginleri birsydyrgyn ýönekeýdir. Nagyşlarda adatça sapaklaryň 4-5 görnüşi ulanylyp, gyzylyň iki görnüşi (açyk we ýapyk), sary, ak, goňur (gara). Şu reňkler el-işleriniň milli äheňiniň özboluşlylygyny görkezýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň el bejergileri köp dürlidir: basma, gaýma, keşde, köjime, çigme, ilme, orama, garalama, pugtama, Tikin usullary- kok atma, ýörmeme, ewşirme. Ýüpekden işilip örülen dürli reňkli (gara bilen gyzyl) “aldymgaç” jähekleri aýal we erkek adamlaryň eşiginiň gyralaryna tutupdyrlar. Rus fabriklerinden satyn alnan setin, lastik, kolenkor ýaly nah matalar we eýran çitleri, begres we ýüpek matalar eşik tikmek üçin ulanylypdyr. Adatça türkmen zenanlary ähli egin-eşikleri elde tikipdirler. El-işleri bilen baglanyşykly hem birnäçe yrym-ynançlary, däp-dessurlary ýerine ýetiripdirler.
Gulälek Gummyýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

TÄSIN GYŞ
Gyş pasly täsin pasyl bolup onuň başlanyşy 3 hili düşündirilýär. Kalendarda gyş pasly 1-nji dekabrda başlanýar. Meteorologlaryň hasaby bilen howa sowanda gyş pasly başlanýar. Astronomiýada bolsa 21-22-nji dekabrda başlanýar. Howanyň iň sowuk hasaba alynmagy taryhda – 91.2 gradusa deň boldy. Ol Antraktida materiginde Sputnikden hasaba alnandyr.

DÜNÝÄDE MEŞHURLYK GAZANAN KETENI
Halkymyzyň asyrlar boýy sünnäläp sungat derejesine ýetiren gymmatlyklarynyň biri hem türkmen milli lybaslarydyr. Lybaslar dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyny düzýän mirasymyzyň naýbaşy nusgalarynyň hatarynda durýar. Olar halkymyzyň çeper döredijiliginiň iň nepis gözelliklerini özünde jemleýär.

GADYMY SÖWDA ÝOLLARY
Arheologlar gündogar Özbegistanyň daglarynda iki sany orta asyr şäheriniň harabalyklarynyň üstünden bardylar. Bu barada BBC habar berdi diýip, «Belta.by» ýazýar.

GYMMATLY GADYMY EL IŞLERI
Türkmen halky her bir işiň başyny başlanda birnäçe yrym-ynançlary, däp-dessurlary ýerine ýetirýärler. Hojalygyň ähli ugurlary boýunça haýsy işiň başy başlansa ýagny, maldarlar mal bakanda, binagärler öý gurup başlanlarynda, bugdaý hasyly ekilende we ýygnalanda we gelin-gyzlarymyz hem öz el işlerine başlanlarynda hökman bir dessury ýerine ýetirýärler. Şol sanda türkmen halky sähetli gün diýip hem ýörite özleriniň gün senenamalaryny ýöredýärler.

GÜNORTA AZIÝANYŇ TÄSIN ÝURDY
Hytaý owadan we gadymy medeni ýurtlaryň biridir. Hytaýly alymlaryň pikiriçe, Hytaýda 3600 ýyldan gowrak ýazuw medeni taryhy bar. Medeniýet we däp-dessurlar ýurduň medeni aýratynlygydyr. Hytaý medeniýetiniň ägirt uly bölümleri we görnüşleri bar. Dünýäniň her künjegi diýen ýaly hytaýlaryň medeniýeti we ilaty barada bilýärler we azda-kände özlerine täsirini geçiripdirler, emma şonda-da Hytaý Günbatar dünýäsi üçin gaty geň we syrly bolup görünýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.