TÄSIN GYŞ

10-01-25

Gyş pasly täsin pasyl bolup onuň başlanyşy 3 hili düşündirilýär. Kalendarda gyş pasly 1-nji dekabrda başlanýar. Meteorologlaryň hasaby bilen howa sowanda gyş pasly başlanýar. Astronomiýada bolsa 21-22-nji dekabrda başlanýar. Howanyň iň sowuk hasaba alynmagy taryhda – 91.2 gradusa deň boldy. Ol Antraktida materiginde Sputnikden hasaba alnandyr.

Rus dilindäki “zima” sözi grekleriň çhemiýa sözünden gelip çykyp şemal, tüweleý diýmekligi aňladýar. Gresiýada gyş paslynda gar ýagmaýar, köplenç ýagyş ýagýar, şonuň üçin howanyň iň sowuk wagtyna ýagyşly döwrüne gyş pasly diýip atlandyrýarlar. Iňlisleriň winter sözi nemes dilinden “Wintar-suw” diýen sözden gelip çykypdyr.

Gyş paslynda hemmämize mälim bolan gar tozgajyklary ýer ýüzüni gaplap alýar. Olar gurak gaty gar tozgajyklaryna hem-de öl ýa-da çygly gar tozgajyklaryna bölünýärler. Gar bölejikleriniň düzümindäki suwuň mukdary dürli dürli bolup şol bir wagtyň özünde olaryň şekilleri hem bir birine meňzemeýär. Ýer ýüzünde näçe adam bar bolup olaryň biri-birine meňzemeýşi ýaly gar tozgajyklarynyň şekilleri hem dürli-dürli bolýar. Olaryň düzüminiň 95% howadan ybarat bolup ol suw damjasynda has ýeňil bolýar. Gyş paslynda Gün Ýer planetasyna has golaýlaşýar we muňa seretmezden howa sowuk bolýar.

Şagadam Myratnyýazow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

16780268432c92.png
TÄSIN GYŞ

Gyş pasly täsin pasyl bolup onuň başlanyşy 3 hili düşündirilýär. Kalendarda gyş pasly 1-nji dekabrda başlanýar. Meteorologlaryň hasaby bilen howa sowanda gyş pasly başlanýar. Astronomiýada bolsa 21-22-nji dekabrda başlanýar. Howanyň iň sowuk hasaba alynmagy taryhda   – 91.2 gradusa deň boldy. Ol Antraktida materiginde Sputnikden hasaba alnandyr.


16723195087e18.png
DÜNÝÄDE MEŞHURLYK GAZANAN KETENI

Halkymyzyň asyrlar boýy sünnäläp sungat derejesine ýetiren gymmatlyklarynyň biri hem türkmen milli lybaslarydyr. Lybaslar dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyny düzýän mirasymyzyň naýbaşy nusgalarynyň hatarynda durýar. Olar halkymyzyň çeper döredijiliginiň iň nepis gözelliklerini özünde jemleýär.


167231688181df.png
GADYMY SÖWDA ÝOLLARY

Arheologlar gündogar Özbegistanyň daglarynda iki sany orta asyr şäheriniň harabalyklarynyň üstünden bardylar. Bu barada BBC habar berdi diýip, «Belta.by» ýazýar.


1672315cc286f1.png
GYMMATLY GADYMY EL IŞLERI

Türkmen halky her bir işiň başyny başlanda birnäçe yrym-ynançlary, däp-dessurlary ýerine ýetirýärler. Hojalygyň ähli ugurlary boýunça haýsy işiň başy başlansa ýagny, maldarlar mal bakanda, binagärler öý gurup başlanlarynda, bugdaý hasyly ekilende we ýygnalanda we gelin-gyzlarymyz hem öz el işlerine başlanlarynda hökman bir dessury ýerine ýetirýärler. Şol sanda türkmen halky sähetli gün diýip hem ýörite özleriniň gün senenamalaryny ýöredýärler.


16723134dcfc7b.png
GÜNORTA AZIÝANYŇ TÄSIN ÝURDY

Hytaý owadan we gadymy medeni ýurtlaryň biridir. Hytaýly alymlaryň pikiriçe, Hytaýda 3600 ýyldan gowrak ýazuw medeni taryhy bar. Medeniýet we däp-dessurlar ýurduň medeni aýratynlygydyr. Hytaý medeniýetiniň ägirt uly bölümleri we görnüşleri bar. Dünýäniň her künjegi diýen ýaly hytaýlaryň medeniýeti we ilaty barada bilýärler we azda-kände özlerine täsirini geçiripdirler, emma şonda-da Hytaý Günbatar dünýäsi üçin gaty geň we syrly bolup görünýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.