HEMIŞELIK BITARAPLYK — MIZEMEZ ÝÖRELGÄMIZ

05-12-23

Halkara Bitaraplyk güni parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, amatly geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we ösüşiniň hatyrasyna gönükdirýän döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da pugtalandyrýar, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýan baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda hemişelik Bitarap Türkmenistan ähli gyzyklanma bildirýän döwletler, abraýly halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeň giňeldýär, munuň netijesinde ýurdumyzyň ýöredýän daşary syýasaty dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe bolýar. Muny Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmeginiň mysalynda hem görmek bolýar. Ýer ýüzüne parahatçylyk ýörelgesini ýaýmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyz dünýäniň ösüşine, adamzadyň ykbalyna dahylly meselelere oňyn täsir edýän ýurtdugyny dünýä jemgyýetçiligine aýan edýär.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ynsanperwer daşary syýasatynyň we işjeň başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen güni hökmünde türkmen döwletiniň sene ýazgysyna hemişelik girdi.

Şol ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk ýagdaýynyň BMG tarapyndan ykrar edilmegi, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa BMG-niň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasynyň ikinji gezek kabul edilmegi türkmen Bitaraplygynyň dünýä ýüzündäki ykrary boldy.

Bu günki gün bagtyýar halkymyz beýik göwrümli özgertmeleriň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge däl-de, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, dünýäniň ähli ýurtlary hem-de abraýly halkara guramalary bilen özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge esas bolan baky Bitaraplygynyň şanly senesine uly ruhubelentlik, zähmet üstünlikleri bilen gelýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasaty adamzadyň parahat geljegini üpjün etmek ugrundaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hoşniýetli daşary syýasatynyň düýp mazmuny, esasy maksady ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamak hem-de pugtalandyrmak işine işjeň gatnaşmakdan ybarat bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Birleşen Milletler Guramasynda Türkmenistana Bitarap döwlet hökmünde uly ähmiýet berilýär. BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlyk Türkmenistana öz Bitaraplyk derejesini sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm şerti hökmünde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Hemişelik Bitaraplygymyzdan gelip çykýan adyl syýasatymyz türkmen halkynyň ýagty günleri nazarlan päk niýetini, ýüreginiň mähirden doly ýylysyny dünýä paýlap, halklary dostlukly gatnaşyklary amala aşyrmaga çagyrýar. Türkmenistan döwletimizi ösüşleriň beýikliklerine alyp gitmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! 

Amandurdy GADYROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň mugallymy.

16723195087e18.png
DÜNÝÄDE MEŞHURLYK GAZANAN KETENI

Halkymyzyň asyrlar boýy sünnäläp sungat derejesine ýetiren gymmatlyklarynyň biri hem türkmen milli lybaslarydyr. Lybaslar dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyny düzýän mirasymyzyň naýbaşy nusgalarynyň hatarynda durýar. Olar halkymyzyň çeper döredijiliginiň iň nepis gözelliklerini özünde jemleýär.


167231688181df.png
GADYMY SÖWDA ÝOLLARY

Arheologlar gündogar Özbegistanyň daglarynda iki sany orta asyr şäheriniň harabalyklarynyň üstünden bardylar. Bu barada BBC habar berdi diýip, «Belta.by» ýazýar.


1672315cc286f1.png
GYMMATLY GADYMY EL IŞLERI

Türkmen halky her bir işiň başyny başlanda birnäçe yrym-ynançlary, däp-dessurlary ýerine ýetirýärler. Hojalygyň ähli ugurlary boýunça haýsy işiň başy başlansa ýagny, maldarlar mal bakanda, binagärler öý gurup başlanlarynda, bugdaý hasyly ekilende we ýygnalanda we gelin-gyzlarymyz hem öz el işlerine başlanlarynda hökman bir dessury ýerine ýetirýärler. Şol sanda türkmen halky sähetli gün diýip hem ýörite özleriniň gün senenamalaryny ýöredýärler.


16723134dcfc7b.png
GÜNORTA AZIÝANYŇ TÄSIN ÝURDY

Hytaý owadan we gadymy medeni ýurtlaryň biridir. Hytaýly alymlaryň pikiriçe, Hytaýda 3600 ýyldan gowrak ýazuw medeni taryhy bar. Medeniýet we däp-dessurlar ýurduň medeni aýratynlygydyr. Hytaý medeniýetiniň ägirt uly bölümleri we görnüşleri bar. Dünýäniň her künjegi diýen ýaly hytaýlaryň medeniýeti we ilaty barada bilýärler we azda-kände özlerine täsirini geçiripdirler, emma şonda-da Hytaý Günbatar dünýäsi üçin gaty geň we syrly bolup görünýär.


Reňkler barada

Reňkleri anyk saýgaryp bilmeýän adamlar adaty görüş ukyply adamlara garanyňda, gije has gowy görýärler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.