DÜNÝÄŇ ÝÜZÜNDE IŇ ULY BALYKLAR

31-10-24

Go­laý­da Kam­bo­ja­da ag­ra­my 300 ki­log­ra­ma go­laý bo­lan, uzyn­ly­gy 4 met­re ýet­ýän ba­lyk ta­pyl­dy. Me­kong der­ýa­syn­dan tu­tu­lan bu äpet ba­lyk de­giş­li öl­çeg­ler edi­lip, yzar­la­mak üçin en­jam da­ky­lan­dan soň­ra gaý­ta­dan der­ýa goý­be­ril­di. Alym­lar äpet orl­ýak­şe­kil­li ba­ly­gyň hä­zi­re çen­li anyk­la­nan süý­ji suw­da ýa­şa­ýan iň uly ba­lyk­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Mun­dan ozal 2005-nji ýyl­da Tai­land­da ag­ra­my 293 ki­log­ram bo­lan lak­ga ba­ly­gy tu­tu­lyp­dy.

Kam­bo­ja dün­ýä­de ba­ly­gyň iň köp ýa­şa­ýan ýur­tla­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Me­kong der­ýa­syn­da ba­lygyň müňden gowrak görnüşi bi­len bir ha­tar­da leň­ňeç­le­r, ýy­lan­la­r, pyş­ba­ga­la­r we gur­ba­ga­la­r hem ga­bat gel­ýär. Göz­ba­şy­ny Ti­bet pla­to­syn­dan alyp gaýd­ýan bu der­ýa Hy­taý, Mýan­ma, La­os, Tai­land, Kam­bo­ja we Wýet­nam döw­let­le­ri­niň üs­tün­den geç­ýär. Eý­sem, süý­ji suw­da ýa­şa­ýan baş­ga nä­hi­li ba­lyk­lar bar­ka?!
Der­ýa­lar­da, köl­ler­de we akar suw­lar­da ýa­şa­ýan ba­lyk­la­ra süý­ji suw­da ýa­şa­ýan ba­lyk­lar di­ýil­ýär. Bu­lar de­ňiz­dir um­man­lar­da­ky ba­lyk­lar­dan ta­pa­wut­ly bol­ýar. Der­ýa­da ýa­şa­ýan ba­ly­gy deň­ze goý­ber­seň ýa­şap bil­me­ýär. Se­bä­bi, deň­ziň su­wy aşa şor bo­lup, dü­zü­min­de köp muk­dar­da duz bol­ýar. De­ňiz­de ýa­şa­ýan ba­lyk bol­sa der­ýa­da ýa­şap bil­me­ýär. Ba­lyk­la­ryň kä­bir gör­nü­şi bol­sa süý­ji hem-de şor suw­da ýa­şap bil­ýär.

Ak­ba­lyk. Balygyň bu gör­nü­şi Ha­zar we Ga­ra deň­ziň bas­seý­nin­de ga­bat gel­ýär. Bu ba­lyk­la­ryň sa­ny soň­ky ýyl­lar­da aza­lyp­dyr. Ola­ryň sa­ny­nyň kö­pel­dil­me­gi üçin eme­li usul­da ös­dü­ri­lip, su­wa goý­be­ril­ýär. Öň­ki dö­wür­ler­dä­ki mag­lu­mat­lar­da ak­ba­ly­gyň uzyn­ly­gy­nyň 5 met­re, ag­ra­my 1,5 ton­na ýe­ten­di­gi bel­le­nil­ýär. Ýyr­ty­jy ba­ly­gyň kä­bir gör­nü­şi süý­ji we şor su­wuň ga­ryş­ýan ýer­le­ri bo­lan dil­kaw­lar­da, ýag­ny der­ýa­la­ryň deň­ze guý­ýan ýer­le­rin­de hem ýa­şa­ýar. Kä­bir gör­nü­şi bol­sa di­ňe de­ňiz­de ýa­şa­ýar.

Me­kong äpet lak­ga­sy. Lak­ga­nyň dür­li gör­nüş­le­ri bo­lup, ýyr­ty­jy ba­ly­gyň Me­kong der­ýa­syn­da ýa­şa­ýa­ny ola­ryň iň ulu­sy ha­sap­lan­ýar. Bu ba­lyk­lar uzak ýa­şa­ýan­dy­gy bi­len hem bel­li­dir. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra gö­rä, olar 60 ýy­la çen­li ýa­şa­ýar­lar. Me­kong lak­ga­sy­nyň uzyn­ly­gy 3 met­re, ag­ra­my 300 ki­log­ra­ma go­laý bol­ýar. Tai­land­da we La­os­da bu ba­ly­gyň tu­tul­ma­gy çäk­len­di­ril­ýär.

Al­li­ga­tor ba­ly­gy. Iki ha­tar­ly diş­le­ri we kro­ko­di­liň­kä meň­zeş bur­ny bo­lan bu ýyr­ty­jy ba­lyk­lar süý­ji we şor suw­da ýa­şap bil­ýär­ler. Uzyn­ly­gy 3 met­re, ag­ra­my 160 ki­log­ra­ma go­laý bol­ýan bu jan­dar­lar De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da­ky der­ýa­lar­da ýa­şa­ýar­lar. Mis­si­si­pi der­ýa­sy­nyň aşa­ky aky­my­nyň bas­seý­nin­de ga­bat gel­ýän ba­lyk­lar 50 ýy­la çen­li ýa­şa­ýar­lar.

Ara­paý­ma. Ama­zon­ka der­ýa­syn­da ga­bat gel­ýän bu jan­dar­la­ryň uzyn­ly­gy 3 met­re, ag­ra­my 135 ki­log­ra­ma ba­ra­bar bol­ýar. Bra­zi­li­ýa­da, Pe­ruw­da we Ga­ýa­na­da ga­bat gel­ýän bu tä­sin ba­lyk su­wuň da­şyn­da hem dem alyp bil­ýär. Olar su­wuň da­şyn­da 24 sa­ga­da çen­li ýa­şap bil­ýär­ler.

Orl­ýak­şe­kil­li äpet ba­lyk. Süý­ji suw­da ýa­şa­ýan we ba­lyk ha­sap­lan­ýan hem bol­sa, onuň daş­ky şe­ki­li de­ňiz­de ýa­şa­ýan jan­dar­la­ra meň­ze­ýär. Süý­ji suw­da ýa­şa­ýan iň uly jan­dar­la­ryň bi­ri bo­lan te­ge­lek şe­kil­li bu ba­ly­gyň 1990-njy ýyl­lar­da alym­lar ta­ra­pyn­dan haý­sy to­pa­ra de­giş­li­di­gi kes­git­len­di. Bu ba­ly­gyň ag­ra­my 600 ki­log­ra­ma, uzyn­ly­gy 4,5 met­re çen­li bo­lup bil­ýär.

Bahargül Begmyradowa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Gurluşyk materiallary kafedrasynyň mugallymy.

1672319b768047.png
HAÝRAN GALDYRYJY “WENERANYŇ SALLANÇAGY”

Ösümlik dünýäsinde täsin gülli ösümlikleriň biri-de anguloýadyr. Bu ösümligiň ylmy ady bolup halk arasynda  köplenç Weneranyň sallançagy diýýärler. Anguloýa (latynça  Anguloa)– Orhideýalar maşgalasyna degişli bolan köpýyllyk otjumak ösümlik bolup, Günorta Amerikanyň Wenesuella, Kolumbiýa, Ekwador we Peru sebitlerinde  giňden ýaýrandyr. Tebigatda anguloýanyň 9 sany görnüşiniň hem-de 5 sany gibridiniň bardygy alymlar tarapyndan hasaba alyndy.


1672312908f472.png
DÜNÝÄŇ ÝÜZÜNDE IŇ ULY BALYKLAR

Go­laý­da Kam­bo­ja­da ag­ra­my 300 ki­log­ra­ma go­laý bo­lan, uzyn­ly­gy 4 met­re ýet­ýän ba­lyk ta­pyl­dy. Me­kong der­ýa­syn­dan tu­tu­lan bu äpet ba­lyk de­giş­li öl­çeg­ler edi­lip, yzar­la­mak üçin en­jam da­ky­lan­dan soň­ra gaý­ta­dan der­ýa goý­be­ril­di. Alym­lar äpet orl­ýak­şe­kil­li ba­ly­gyň hä­zi­re çen­li anyk­la­nan süý­ji suw­da ýa­şa­ýan iň uly ba­lyk­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Mun­dan ozal 2005-nji ýyl­da Tai­land­da ag­ra­my 293 ki­log­ram bo­lan lak­ga ba­ly­gy tu­tu­lyp­dy.


Çigildem hakynda gyzykly maglumatlar

Çigildem – düýbi sogan görnüşli, owadan gyzyl gülli meýdan oty. Çigildemler ideg etmegi talap etmeýär we daglyk, sähraly we çöllük ýerlerde ösüp bilýär. Çigildemleriň watany orta Aziýa hasaplansa, hem olar Niderlandlarda has meşhurlyk gazanypdyrlar. Häzirki wagtda dünýäniň ähli künjünde çigildemleriň dürli reňkli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. 


Kokos barada gyzykly maglumatlar

Ýuwaş ummanyň kenaryndaky Tonga patyşalygynda, kokosyň gaçmagy sebäpli ilatyñ köpüsi ýeňil aradan çykýar. “Kokos” sözi portugal dilinden alnan we terjime edilende “maýmyn” manysyny berýär.


Ananasyň peýdasy barada

Ananasyň watany Günorta Amerika hasaplanylýar. Olary uly göwrümde ösdürip ýetişdirmek XIX  asyryň başlarynda ýüze çykypdyr. 1950-njy ýyllardan başlap ananasy ösdürip ýetişdirmek ýokary derejelere eýe bolupdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.