HAÝRAN GALDYRYJY “WENERANYŇ SALLANÇAGY”
31-10-24
Ösümlik dünýäsinde täsin gülli ösümlikleriň biri-de anguloýadyr. Bu ösümligiň ylmy ady bolup halk arasynda köplenç Weneranyň sallançagy diýýärler. Anguloýa (latynça Anguloa) – Orhideýalar maşgalasyna degişli bolan köpýyllyk otjumak ösümlik bolup, Günorta Amerikanyň Wenesuella, Kolumbiýa, Ekwador we Peru sebitlerinde giňden ýaýrandyr. Tebigatda anguloýanyň 9 sany görnüşiniň hem-de 5 sany gibridiniň bardygy alymlar tarapyndan hasaba alyndy.
Bu ösümlige “anguloýa” diýlen ylmy ady 1794-nji ýylda ispan botanikleri I.Ruis Lopes we H.Pawon peruda ýaşap geçen syýahatçy Fransisko de Angulonyň hormatyna dakýarlar . Weneranyň sallançagy atly täsin ösümlik özüniň açyk reňki we daşky görnüşi boýunça has owadan bolup ösýän ýerlerine bezeg berýär. Çygly ýerlerde bu ösümlik bezeg hökmünde hem ösdürmäge amatly bolýar.
Çalajyk şemal bolan ýagdaýynda Weneranyň sallançagy ösümligiň güljagazlary edil sallançak ýaly gymyldap başlaýarlar. Şonuň üçin halk arasynda bu ösümlik “Sallançak orhideýasy”, “Weneranyň sallançagy”, “Sallançakdaky bäbejik” ýaly atlar bilen bellidir. Käbir çeşmelerde ösümlik “orhideýa çigildemi” diýlip hem atlandyrylýar. Sebäbi onuň gül ýapraklary edil çigildemiň gül ýapraklary ýaly biri-birine örän jebis ýerleşendir.
Weneranyň sallançagy (Anguloýa)-litofit (grekçe “litos”-daş, “fiton”- ösümlik), ýagny daşly ýerlerde ösmegi halaýan ösümlikdir. Tebigatda bu orhideýa ösümlik bilen örtülen belent gerişlerde köp duş gelýär. Has köp ýaýran ýeri-de And daglarynyň 1800-2500 metr aralygyndaky beýikligidir. Bu ösümligiň kökleriniň çyglylyga bolan talaby gaty güýçlidir. Howa gurak bolan döwürde ol eýýäm ýapragyny döküp ugraýar.
Enebaý Täşşäýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
HAÝRAN GALDYRYJY “WENERANYŇ SALLANÇAGY”
Ösümlik dünýäsinde täsin gülli ösümlikleriň biri-de anguloýadyr. Bu ösümligiň ylmy ady bolup halk arasynda köplenç Weneranyň sallançagy diýýärler. Anguloýa (latynça Anguloa)– Orhideýalar maşgalasyna degişli bolan köpýyllyk otjumak ösümlik bolup, Günorta Amerikanyň Wenesuella, Kolumbiýa, Ekwador we Peru sebitlerinde giňden ýaýrandyr. Tebigatda anguloýanyň 9 sany görnüşiniň hem-de 5 sany gibridiniň bardygy alymlar tarapyndan hasaba alyndy.
DÜNÝÄŇ ÝÜZÜNDE IŇ ULY BALYKLAR
Golaýda Kambojada agramy 300 kilograma golaý bolan, uzynlygy 4 metre ýetýän balyk tapyldy. Mekong derýasyndan tutulan bu äpet balyk degişli ölçegler edilip, yzarlamak üçin enjam dakylandan soňra gaýtadan derýa goýberildi. Alymlar äpet orlýakşekilli balygyň häzire çenli anyklanan süýji suwda ýaşaýan iň uly balykdygyny aýdýarlar. Mundan ozal 2005-nji ýylda Tailandda agramy 293 kilogram bolan lakga balygy tutulypdy.
Çigildem hakynda gyzykly maglumatlar
Çigildem – düýbi sogan görnüşli, owadan gyzyl gülli meýdan oty. Çigildemler ideg etmegi talap etmeýär we daglyk, sähraly we çöllük ýerlerde ösüp bilýär. Çigildemleriň watany orta Aziýa hasaplansa, hem olar Niderlandlarda has meşhurlyk gazanypdyrlar. Häzirki wagtda dünýäniň ähli künjünde çigildemleriň dürli reňkli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.
Kokos barada gyzykly maglumatlar
Ýuwaş ummanyň kenaryndaky Tonga patyşalygynda, kokosyň gaçmagy sebäpli ilatyñ köpüsi ýeňil aradan çykýar. “Kokos” sözi portugal dilinden alnan we terjime edilende “maýmyn” manysyny berýär.
Ananasyň peýdasy barada
Ananasyň watany Günorta Amerika hasaplanylýar. Olary uly göwrümde ösdürip ýetişdirmek XIX asyryň başlarynda ýüze çykypdyr. 1950-njy ýyllardan başlap ananasy ösdürip ýetişdirmek ýokary derejelere eýe bolupdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.