Ýaşlar hakynda alada
10-05-24
Gülläp ösýän Diýarymyzda bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, umuman, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan ajaýyp özgertmeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi hasaplanylýan ýaşlar baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe olaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy, şeýle-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny hem sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ösdürmek, olary watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin mundan beýläk-de örän oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär.
Ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemegi, köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmagy we saýlap alan ugry boýunça kämilleşmegi ugrunda döwlet tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti uly bolup, ýurduň geljekki ösüşi şol syýasat bilen aýrylmaz baglydyr. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ylmy işler, barlaglar bilen meşgullanýan ýaşlary goldamak, ýaşlaryň kompýuter we dil sowatlylygynyň esaslaryny çuňňur özleşdirmeklerini gazanmak ýaly döwletli başlangyçlaryň giňden durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek.
Häzirki döwürde ýaş türkmenistanlylara kämilleşmek hem-de özleriniň zehinlerini, ukyplaryny, mümkinçiliklerini äşgär etmek üçin döredilýän oňaýly şertler ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet derejesinde çuňňur alada edilýändigine «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini, geljegimizi gurujylar hökmünde ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ahlak we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegi üçin ähli tagallalaryň edilýändigini ýatlanymyzda hem göz ýetirmek bolýar.
Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň kemala gelmegine ýardam berýär. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermek babatda öňe süren taryhy başlangyjy hem bu işleriň nobatdaky beýanydyr. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýaşuly nesliň aň-paýhasy, baý tejribesi bilen ýaşlaryň gujur-gaýratynyň utgaşan ýerinde ýetilmejek maksat, gazanylmajak sepgit ýokdur.
Arkadagly Serdarymyzyň Watanymyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, döwletimiziň ykdysady we goranmak kuwwatyny pugtalandyrmak ugrundaky alyp barýan beýik işleri ýaşlarymyzyň jogapkärçiligini ýokarlandyryp, döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Döwlet tarapyndan ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin gönükdirilen çäreler olaryň döwre laýyk ylmy-tehniki açyşlary durmuşa ornaşdyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä bileleşigindäki at-abraýyny ýokarlandyrmaga giň ýollary açýar.
Ýaşlaryň ussatlygyny ýüze çykarmagy, saýlap alan ugry boýunça kämilligi gazanmagy, dünýä derejesinde tejribe toplamagy ugrunda aladalar hormatly Prezidentimiziň başyny başlan her bir işinde öz beýanyny tapýar. Goý, şeýle işlere badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Ýakupbaý ÝANGIBAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
DÜNÝÄDE MEŞHURLYK GAZANAN KETENI
Halkymyzyň asyrlar boýy sünnäläp sungat derejesine ýetiren gymmatlyklarynyň biri hem türkmen milli lybaslarydyr. Lybaslar dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyny düzýän mirasymyzyň naýbaşy nusgalarynyň hatarynda durýar. Olar halkymyzyň çeper döredijiliginiň iň nepis gözelliklerini özünde jemleýär.
GADYMY SÖWDA ÝOLLARY
Arheologlar gündogar Özbegistanyň daglarynda iki sany orta asyr şäheriniň harabalyklarynyň üstünden bardylar. Bu barada BBC habar berdi diýip, «Belta.by» ýazýar.
GYMMATLY GADYMY EL IŞLERI
Türkmen halky her bir işiň başyny başlanda birnäçe yrym-ynançlary, däp-dessurlary ýerine ýetirýärler. Hojalygyň ähli ugurlary boýunça haýsy işiň başy başlansa ýagny, maldarlar mal bakanda, binagärler öý gurup başlanlarynda, bugdaý hasyly ekilende we ýygnalanda we gelin-gyzlarymyz hem öz el işlerine başlanlarynda hökman bir dessury ýerine ýetirýärler. Şol sanda türkmen halky sähetli gün diýip hem ýörite özleriniň gün senenamalaryny ýöredýärler.
GÜNORTA AZIÝANYŇ TÄSIN ÝURDY
Hytaý owadan we gadymy medeni ýurtlaryň biridir. Hytaýly alymlaryň pikiriçe, Hytaýda 3600 ýyldan gowrak ýazuw medeni taryhy bar. Medeniýet we däp-dessurlar ýurduň medeni aýratynlygydyr. Hytaý medeniýetiniň ägirt uly bölümleri we görnüşleri bar. Dünýäniň her künjegi diýen ýaly hytaýlaryň medeniýeti we ilaty barada bilýärler we azda-kände özlerine täsirini geçiripdirler, emma şonda-da Hytaý Günbatar dünýäsi üçin gaty geň we syrly bolup görünýär.
Reňkler barada
Reňkleri anyk saýgaryp bilmeýän adamlar adaty görüş ukyply adamlara garanyňda, gije has gowy görýärler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.