DEŇIZ PORTY: DOSTLUGYŇ HEM HYZMATDAŞLYGYŇ MENZILI
08-04-22
Öňde-soňda türkmen halkymyz goňşy gatnaşyklaryny ýokary derejelere göterýär. Goňşulary bilen dostlukly, doganlykly hyzmatdaşlyklary amala aşyrýar. Täze jaýa göçüp barlanda ilki bilen şol ýeriň gapdalyndan akyp geçýän ululy-kiçili akaryň üstünden goňşularyna bökdençsiz baryş-geliş etmek üçin, geçelgejik gurýan gadymy halkymyz hemişe bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem kenarlaryny birleşdirýär.
Beýik deňziň, sahawatly deňziň, gadymy Hazaryň merjen kenarynda bina edilen ýurduň halkara deňiz derwezesi özüniň goňşy kenarlaryny gujak açyp garşylaýar. Ähli kenardaşlaryny öz goýnunda birleşdirýär, dostlaşdyrýar, doganlaşdyrýar hem-de hyzmatdaşlygyň täze menzillerine badalga berýär.
Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän taslamalar halkara hyzmatdaşlygyny we söwdany ösdürmäge ýardam bermek bilen, howpsuzlykdyr ýurtlaryň arasynda ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berer.
Joşgunly Hazaryň türkmen kenarynda gysga wagtyň içinde dünýä ülňülerine laýyklykda bina edilen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty milli ykdysadyýetimiz we tutuş sebit üçin täze “deňiz derwezesi” ähmiýetine eýe bolup, täjirçilik pudagynyň esasy ugry hökmünde hyzmat edýär. Gurlup ulanylmaga berilmegi bilen “Gündogar — Günbatar” we “Demirgazyk — Günorta” ugry boýunça täze söwda gatnaşyklaryna ýol açan Halkara deňiz portuna deňiz ýoly bilen gelip gowşan ýükleri barmaly ýerine çenli bökdençsiz äkitmek maksady bilen, portuň demir we awtomobil ýollary bilen integrasiýasy göz öňünde tutulandyr. Logistikanyň esasy maksady bolan tiz we ynamdar hyzmaty ýerine ýetirmek üçin portuň düzüminde ýükleri barlaýan döwlet gulluklarynyň edara binalary, innowasion barlag enjamlary, ýükleri düşüriji we ýükleýji tehnikalar ýerleşdirildi.
Halkara toplumyň çäginde gurnalan hyzmat ediş binalary, içeri işler, migrasiýa we gümrük gullugy üçin binalar, demir ýol dolandyryş binasy bu ugurda hereket etjek ýükleriň barmaly nokadyna has çalt ýetirilmegine uly goşant goşýar. Mundan başga-da bu taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem özünde ýük terminalynyň bolmagydyr. Onuň düzüminde umumy ýük terminaly, ürgün ýükler terminaly, konteýner terminaly, polipropilen terminaly bina edilmegi bolsa, halkara ykdysady gatnaşyklaryň we Türkmenistanyň daşary söwdasynyň ösdürilmeginiň ýük daşalyşynyň möçberleriniň ýokarlandyrylmagyny şertlendirýär.
Gurlup ulanylmaga berilmegi bilen 2500-den gowrak iş orunlarynyň döremegini üpjün eden Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodlarynyň bolmagy hem buýsanjymyzy goşalandyrýar. Çünki, bu zawodlaryň gurulmagy ýurdumyzyň deňiz-derýa pudagy üçin täze gämileri öndürip, pudaga uly goşant goşmak bilen bir hatarda, uzak ýollardan gelen gämileriň näsazlyklaryny we kemçiliklerini bejermek üçin hem giňden ulanylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasynda üstaşyr-ulag gatnawlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça amala aşyrylýan öňdengörüjilikli hem-de giň gerimli we tutumly işler taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň häzirkizaman ulag we aragatnaşyk ulgamyny emele getirmek boýunça döwlet syýasatynyň iň wajyp ähmiýetli ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Hut şonuň netijesinde hem Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky özara söwdanyň möçberleri yzygiderli ýokarlanýar. Ýöne köpugurly kuwwaty nazara alanyňda, ykdysady hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak we hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ägirt uly mümkinçilikler bardyr.
Hawa, biziň ýurdumyz milli, uly ýol gurluşygy bilen öňe barýar, ähli işler häzirki zaman ulaglar düzüminiň – demir ýol, howa, deňiz-derýa we awtomobil halkara gatnawlarynyň döredil¬megi netijesinde Türkmenistan Watanymyzyň däl, eýsem goňşy ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygy üçin hem oňyn şertleri döredýär we daşary ýurt maýa goýumlarynyň artmagyna ýardam edýär.
Goý, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan döwletimiziň ulag we logistika ulgamynyň hemişe ýoly ak, gojaman Hazaryň kenarynda ulanylmaga berlen Halkara deňiz porty bolsa dostlukly we parahatçylykly gatnaşyklaryň mekany bolsun! Hormatly Prezidentimiziň halkara ähmiýetli tutumlary hemişe rowaç alsyn!
Gurbangeldi GURJIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň müdiri.
ABŞ-nyň Ilçisi Türkmenbaşy halkara deňiz portunda duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 14-nji oktyabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary bilen resmi duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň başynda diplomatik wekiliýetiň ýolbaşçysy görkezilen myhmanparazlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.
Baku şäherinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Baku şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň VII sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Türkmenistan Jakartada ÝUNESKO-nyň seminaryna gatnaşýar
2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Indoneziýanyň paýtagty Jakartada ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň ýady” maksatnamasynyň “Dokumental köpdürliligi giňeltmegiň mümkinçiligi” atly halkara okuw seminarynyň açylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Hazaryň türkmen kenarynda 5G ykjam aragatnaşyk ulgamy işe girizildi
Golaýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy sebit we halkara derejesindäki möhüm çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu ýerde 7-9-njy oktýabry aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, şeýle hem Hazar ekologiýa sammiti ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi söwda, ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşýar
14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşyk geçirdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.