Rubrikalar / Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
Sanly bilim ulgamy – ösüşleriň kepili
Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan adyl syýasatynyň netijesinde eziz Watanymyzyň islendik ulgamy ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Türkmen halkynyň demokratik gymmatlyklaryny nazarda tutmak arkaly döwletiň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, ilatyň döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, bilimiň, ylmyň we medeniýetiň pajarlap ösmegini gazanmak, ýurdumyzy halkara bileleşikleriniň ulgamyna ymykly goşmak ýaly derwaýys meseleler öňe sürülýär.
Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň möhüm ädimleri
Her bir güni şanly senelere, guwandyryjy üstünliklere beslenýän hemişelik berkarar ýurdumyzda okgunly ösýän ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu wezipeler maglumat tehnologiýasynyň iň häzirki zaman görnüşleriniň ornaşdyrylýandygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça ähli pudaklaryň öňünde belent maksatlaryň goýulmagy bu babatdaky giň gerimli işleriň ilerlemegine aýratyn goşant goşýar.
YLYM — GELJEGIŇ GÖZBAŞY
Topragyň rysgal-bereketli bolmagy üçin suw nähili derejede gerek bolsa, ynsan ömrüniň manyly bolmagy üçinem ylym-bilim şonça derejede gerekdir. Danalaryň biri: «Bir gününi ylymsyz geçiren kişä gynanjymyň nähili bolandygyny we bir gününi ylym bilen geçiren kişä begenjimiň nähili bolandygyny bilen bolsaň, onda sen ömrüňi ylym bilen ötürerdiň!» diýipdir.
Berkarar döwletiň ylym-bilim ulgamy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri milli ylmyň hem ösdürilýän ajaýyp zamanasyna öwrüldi. Bu döwürde türkmen ylmynyň has-da kämilleşdirilmegi, ylym ulgamyna sanly serişdeleriň işjeň ornaşdyrylmagy, ylmy barlaglaryň, gözlegleriň, taslamalaryň netijeli amala aşyrylmagy, türkmen alymlarynyň halkara giňişliginde uly gyzyklanma eýe bolýan ylmy işleriniň sanynyň artmagy, hususan-da, ýaş alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.
Ýurdumyz beslenýär şöhrat hem şana!
Täze taryhy döwürde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen binýatlyk ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, hormatly Prezidentimiz parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere besleýän giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, eziz ýurdumyzda köptaraply hem häzirki zaman gurluşyk, ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek babatda uly işler amal edilýär.
ULAG DIPLOMATIÝASY: RÖWŞEN GELJEGE BADALGA
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň amala aşyrýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki döwletara hyzmatdaşlygy, şonuň ýaly-da, abraýly halkara guramalaryň, düzümleriň çäklerinde ýokary derejede geçirýän gepleşikleri we duşuşyklary, olarda gazanylýan netijeli ylalaşyklar diňe bir ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna däl, eýsem, sebitiň we dünýäniň ösüşine gönükdirilendir.
Sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmak işi ykdysadyýetde innowasion işi çaltlandyrmak, internetden peýdalanmak we maglumat tehnologiýalar ulgamyny ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylýar. Muňa esas bolup, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklamak hakynda kabul eden Karary hyzmat edýär.
SANLY BILIM ULGAMY KÄMILLIGIŇ BINÝADYDYR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, bilim ulgamy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmekdäki baş ýörelgesidir. Şoňa baglylykda, bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylyp, halkara tejribeleri esasynda has-da kämilleşdirilýär. Türkmenistanda dünýäniň ösen döwletleriniň ylym-tehnika babatda döwrebap gazananlaryndan ugur alnyp, kämil tehnologiýalardan, innowasiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerini ýerine ýetirmekde anyk netijeler gazanylýar.
Berkarar döwletiň bilim özgertmeleri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatynyň netijesinde Bitarap Watanymyzyň bilim ulgamy ösüşleriň ýoly bilen öňe ilerleýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, ilatyň döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, bilimiň, ylmyň we medeniýetiň pajarlap ösmegini gazanmak, ylym-bilimi dünýä ülňülerine laýyk getirmek, ýurdumyzy halkara bileleşikleriniň ulgamyna ymykly goşmak ýaly derwaýys meseleler öňe sürülýär.
SANLYLAŞDYRMAK — AÝDYŇ GELJEK
Sanly özgertmeleriň dünýäde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe milli ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagatyny döretmek, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ykdysadyýeti kemala getirmek gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.