Rubrikalar / Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
BEÝIK YNAMA MYNASYP BAGTYÝAR ÝAŞLAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar.
BILIMLI NESIL – KUWWATLY WATAN
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ýetirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
KÄMIL NESILLER – ÝURDUŇ GELJEGI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatly ýaşlary ertirki gün ýurdy beýgeltjek türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga söýgä bolan sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy hormatly Prezidentimiziň aýdyň maksatly beýik işleriniň beýanynda öz synmaz ornuny tapdy.
Daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygy
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşky gurşawyny goramak, şol sanda suw serişdelerini gorap saklamak bilen baglanyşykly meselelerini çözmäge uly ähmiýet berilýär.
Magtymgulynyň goşgularynda watansöýüjiligiň waspy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy ähli ynsanlaryň köňlünde uly orun eýeleýär. Şahyryň eserleri ýyllar, asyrlar geçse-de, özüniň gymmatyny ýitirmeýär. Akyldaryň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde durýar. Çünki akyldar şahyryň döredijiliginiň mazmuny belent adamkärçilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulandyr.
BITARAPLYK ŞUGLASY
Bitaraplyk syýasaty Berkarar döwletimiziň üçünji müňýyllygyň möhüm maksatlaryna deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak esasynda ählumumy parahatçylyga gönükdirilen ýörelgesidir. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegi Watanymyzyň uly üstünliklere eýe bolup, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatynyň dünýä ýurtlarynyň arasynda dabaralanmagydyr.
HEMIŞELIK BITARAPLYK — MIZEMEZ GYMMATLYGYMYZ
Garaşsyz Türkmenistan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň agzasy bolan 185 döwletiň goldamagynda hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edildi. 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkezi açyldy. Şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagy bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ikinji gezek ykrar edildi.
Zenanlaryň bagty dünýäniň bagtydyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Diýarymyzda raýatlaryñ bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ählihalk bähbitli tutumly işleri rowaçlandyrmak ugrunda alnyp döwlet syýasaty barha dabaralanýar. Şol sanda ýurdumyzyñ zenanlaryna goýulýan sarpa hem belent derejelere çykýar.
ÝURDUMYZYŇ ÝAŞLAR SYÝASATY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
DIL – DOSTLUK KÖPRÜSI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Dil biziň medeni derejämiziň görkezijisidir. Dil bilmek ýaş nesliň köp taraply ösmegine, dünýä-garaýşynyň giňelmegine, pikirlenmek ukyplarynyň kämilleşmegine ýardam edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.