Rubrikalar / Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
Bitaraplyk – milli gymmatlygymyz
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklaryň gerimi barha giňeldilýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe konwensiýalaryna goşulyşyp, öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýermek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýar.
Hemişelik Bitaraplyk – berkararlygyň gözbaşy
Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 26 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýär. Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hem-de BMG tarapyndan ykrar edilen dünýäniň ýeke-täk bitarap ýurdy bolan eziz Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygynyň dabaralaryna badalga berildi.
Bitaraplyk taglymaty
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni beýik ösüşlere, özgerişlere beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Şeýle wakalaryň biri hem gün-günden ösýän, özgerýän ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini almagydyr.
Bitaraplyk – parahatçylygyň we durnukly ösüşiň kepili
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan parasatly daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi yzygiderli ýokarlanýar. Türkmenistan döwletimiziň daşary gatnaşyklarda öňe sürýän esasy ugrunyň “Açyk gapylar” syýasaty bolmagy dünýäniň islendik ýurdy bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga uly mümkinçilikleri döredýär.
DIL – DOSTLUK KÖPRÜSI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Dil biziň medeni derejämiziň görkezijisidir. Dil bilmek ýaş nesliň köp taraply ösmegine, dünýä-garaýşynyň giňelmegine, pikirlenmek ukyplarynyň kämilleşmegine ýardam edýär.
DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEKDE DÖWREBAP TEHNOLOGIÝALAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň ylym-bilim öwrenmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň eşretli döwrana beslenen günlerinde “Ylymly il ozar” diýen paýhasa uýýan halkymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň öz höwes edýän hünäriniň ussady bolmaklary üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilendir.
Hasyl toýy uly dabaralara beslenýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň netijesinde ata Watanymyz Türkmenistan ähli babatda bedew batly ösüşlere beslenýär, halkymyza döwletli döwran, abadançylyk ýar bolýar.
Bitaraplyk — parahatçylygyň gözbaşy
Türkmenistan hemişelik Bitarap hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny üpjün etmek, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, parahatçylyk söýüjilik syýasatyny ýöretmek ýaly borçlary öz üstüne aldy hem-de üstünlikli berjaý edýär.
BITARAPLYK — ABADANÇYLYGYŇ AK ÝOLY
Türkmenistanyň halky ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesini her ýyl uly buýsanç bilen dabaralandyrýar. Şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralar halkymyzyň asylly däp-dessurlary, asyrlaryň dowamynda döreden ruhy gymmatlyklary we ynsanperwer ýörelgeleri bilen utgaşýar.
HEMIŞELIK BITARAPLYGYMYZ — MILLI BUÝSANJYMYZ
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bu günki gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde we halkara derejesinde durnuklylygy üpjün etmegiň aýrylmaz bölegi we möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Halkara durmuşyna işjeň gatnaşmak arkaly ählumumy parahatçylygy saklamak üçin zerur şertleri döretmäge, sebitde we dünýäde wajyp meseleleriň oňyn çözgüdine ygrarly bolmaga giň mümkinçilikleri döredýär, durnukly ösüşiň maksatlaryny ileri tutýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.