Rubrikalar / Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
Ulag-aragatnaşyk täzelikleri
163f8948bccc71.jpeg
5 aý ozal
TÄZE DÖWÜR, TÄZE MAKSATLAR

Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak bilen baglanyşykly öňe süren başlangyçlary ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren, adalatlylyga, deňlige, halallyga, ynsanperwerlige ýugrulan, bahasyna ýetip bolmajak tejribesini özünde jemleýär.

163fc837100bf8.jpeg
7 aý ozal
ARKADAGYŇ AK ÝOLUNDAN ÖŇE BARÝAR ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasaty ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere besleýär. Ata Watanymyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýurdumyzyň ýagty ertiri bolan ýaşlara uly ynam bildirilýär, ýaşlar syýasatyna milli döwlet bähbitleriniň ileri tutulýan möhüm ugry hökmünde garalýar.

1647f497144b8a.jpeg
7 aý ozal
YNSAN KALBYNYŇ ŞAHYRY

Magtymguly Pyragy - türkmen halkynyň milli buýsanjy. Şahyryň ýaşaýşyň manysy, ynsan mertebesi, adamkärçilik, hoşniýetlilik baradaky pikirleri her bir ada-my durmuşdaky öz borjy hakynda oýlanmaga mejbur edýär. Şonuň üçin akyldaryň pähim-parasatdan ýüki ýetik çuň manyly şygyrlary köňüllerde inçe duýgulary oýaryp, müdimi orun aldy.

16406cd11ca20f.jpeg
8 aý ozal
Kämil bilim – ösüşlere şamçyrag

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syyasatynyň üstünliklere hem rowaçlyklara beslenmegi netijesinde eziz Watanymyzyň nurana ertiri, bagtyýar geljegi bolan yaş nesilleriň ruhy hem-de beden taýdan sagdyn, ylymly-bilimli, kämil hünärli, ruhubelent ýaşlar hökmünde okamaklary, döredijilikli zahmet çekmekleri ugrunda zerur bolan ahli mümkinçilikler doredilyar.

1660257d14b340.jpeg
7 aý ozal
Gelendir arzuwlan döwrüň, Pyragy!

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy dünýäsiniň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ruhy gymmatlyklarynyň, şol sanda Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, berkararlyk we bagtyýarlyk pelsepesiniň kemala gelmegine ägirt uly goşant goşan danadyr. Ol diňe bir türkmeniň galagoply eýýamynyň ruhy sütüni däl-de, eýsem, milletimiziň parasat ummany, akyl derýasy, mukaddes Garaşsyzlygynyň, Bitaraplygynyň, berkarar döwletiniň ruhy kökleriniň özboluşly çeşmesidir.

1640b046dca1f0.jpeg
8 aý ozal
Sanly geljege tarap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürilmegine halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, sanly ulgamyň döredilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary bolsa, ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

1640c464423107.jpeg
8 aý ozal
Sanly bilime giň ýol

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asylly tutumlaryň üstünlikli dowam etdirilmegi ýurdumyzy ösdürmäge düýpli itergi berýär. Berkarar Diýarymyzyň ilatynyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün edip, köpugurly ösüş maksatnamalarda göz öňünde tutulan başlangyçlaryň hemişe rowaçlyklara beslenmegine gönükdirilen çäreler diýseň buýsandyrýar.

1640c471442cbc.jpeg
7 aý ozal
Milli ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugurlary

Gahryman Arkadagymyzyň  taýsyz tagallasy bilen 2018-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm binýadydyr. Konsepsiýany üç tapgyrda (1-nji tapgyry — 2019-njy ýylda, 2-nji tapgyry — 2020 — 2023-nji ýyllarda, 3-nji tapgyry — 2024 — 2025-nji ýyllarda) amala aşyrmak maksat edinilýär.

1640ef52f42431.jpeg
7 aý ozal
ÝAŞLAR WE SANLY ULGAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim almagy, döwrebap sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

166136e8bbf88d.jpeg
7 aý ozal
NOWJUWAN GÜNLERIŇ AÝDYŇ ERTIRLERI

Bu döwür kämil, döredip bilýän, terbiýeli, watansöýüji ýaşlary talap edýär. Şeýle asylly häsiýetleri özüne jemleýän her bir ýaş nesliň geljekde Watanyň ösüşine mynasyp goşandyny goşup biljekdigi şübhesizdir. Ynam bolsa her bir ynsan üçin örän möhüm duýgy. Özüňe bolan belent ynam-üstünlikleriň, netijeli işleriň başlangyjydyr. Döwrüň ýaşlaryň öňünde goýýan wezipesi özüne mynasyp käri saýlap, şol hünär boýunça-da ata Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşup, döwür bilen aýakdaş gitmek.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.