Habarlar / Dünýä habarlary
Dünýä habarlary

Azerbeýjandan Belarussiýa döwletine eksporta ugradylmaly nebitiň mukdary kesgitlenildi
2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Belarussiýa döwletindäki nebitiň eksporta ugradylmaly mukdary 142,5 müň tonna ýa-da 54,43 mln ABŞ-nyň dollaryna barabar boldy. Bu baradaky maglumatlary Belarussiýaiýanyň "Trend" köpçülikleýin habar beriş serişdesi habar berýär.

LATWIÝA AZERBAÝJAN BILEN ÝOLAGÇY GATNAWLARYNY DIKELTMEGI MEÝILLEŞDIRÝÄR
Latwiýa bilen Azerbaýjanyň arasynda howa ýollary arkaly ýolagçy gatnawyny dikeltmek baradaky mesele iki ýurduň hem üns merkezinde durýar.

RUSSIÝADA 2024-NJI ÝYLA ÇENLI ULAG HYZMATLARYNYŇ EKSPORTYNYŇ MÖÇBERI ÝOKARLANAR
Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrliginiň çaklamalaryna görä, 2024-nji ýyla çenli ýurduň ulaglar arkaly daşary ýurtlara eksporty walýuta görnüşinde mese-mälim köpeler.

AZERBAÝJAN BILEN EÝRAN IKITARAPLAÝYN SÖWDA HYZMATDAŞLYGYNY BARHA GIŇELDÝÄR
Azerbaýjan we Eýran ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberini ýylda 3 milliard amerikan dollaryna çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýärler.

ÖZBEK-GAZAK ULAG-KOMMUNIKASIÝA GATNAŞYKLARY ÖSDÜRILÝÄR
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew golaýda gazak kärdeşi Kasym-Jomart Tokaýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň barşynda ulag kommunikasiýasyny ösdürmegiň geljegi, şeýle hem, serhetýaka etraplarda logistika infrastrukturasynyň ýagdaýy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýada ilkinji «garmoşka» elektrobusy Moskwada synagdan geçiriler
Russiýada öndürilen ilkinji elektrik awtobus ýakyn günlerde Moskwada synagdan geçiriler. Bu barada Moskwanyň Transport müdirliginiň «Telegram» resmi ýaýlymynda habar berildi.

Çabahar porty Eýranyň we Merkezi Aziýanyň esasy söwda merkezine öwrüler
Çabahar porty özüniň erkin zolakdygy we mümkinçilikleri sebäpli Eýranda we Merkezi Aziýada söwdanyň, şeýle hem senagatyň täze merkezine öwrülýär.

AZERBAÝJANDA UZYNLYGY BIR KILOMETRE BARABAR KÖPRI GURULÝAR
Azerbaýjan döwletinde uzynlygy 4,5 kilometr bolan Muganly — Ismaýilli — Gabala awtoýolunyň ugrunda uzynlygy 1,135 müň metre we beýikligi 76,5 metre ýetýän köpriniň gurluşygyna başlandy. Azerbaýjanyň Döwlet awtomobil ýollarynyň agentliginiň «Trend-e» beren habaryna laýyklykda, köpri Agsuçaý derýasynyň üstünden geçer.

Ysraýyl şu günden çäkli uçuşlaryň başlamagyna rugsat berdi
Ysraýyl döwletiniň hökümeti şu günden başlap, ähli ugurlar boýunça uçuşlaryň täzeden başlamagyna rugsat berdi. Döwletiň premýer ministrliginiň ýetirýän bu habaryny «Trend» habarlar agentligi «TASS-a» salgylanmak bilen beýan edýär.

EÝRAN RUS KOMPANIÝASY BILEN HALAS EDIŞ DIKUÇARYNY SATYN ALMAK BARADAKY ŞERTNAMA GOL ÇEKDI
Eýran Yslam Respublikasynyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti rus kompaniýasy bilen halas ediş dikuçaryny satyn almak barada şertnama baglaşdy. Bu barada Iran.ru websaýtyna salgylanyp, «Trend» habarlar agentligi sahypalarynda beýan edýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.