Habarlar / Dünýä habarlary
Dünýä habarlary
16049948c17166.jpeg
3 ýyl ozal
Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan demir ýol taslamasy boýunça üç taraplaýyn bilermenleriň maslahatlary yzygiderli geçirilýär

Gyrgyzystan Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän transkontinental transport ugrunda geljegi uly bolan baglanyşyklaryň birine öwrüljek Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan demir ýolunyň gurluşygyna uly ähmiýet berýär.

16049992a27255.jpeg
3 ýyl ozal
Hytaý awtoulag kompaniýasy öz hereketlendirijilerine ömürlik kepillik berdi

Hytaý Halk Respublikasynyň «Chery» kompaniýasy öndüren awtoulag hereketlendirijilerine ömürlik kepillik borçlaryny öz üstüne aldy. Häzirlikçe bu ýagdaý diňe Hytaýyň çäklerinde  we kompaniýanyň «Tiggo» we «Arizzo 5» awtoulaglarynda ýerleşdirilen hereketlendirijilere degişlidir.

160484d73c91f8.jpeg
3 ýyl ozal
ULAG INFRASTRUKTURASYNY DÖWREBAPLAŞDYRMAK ÜÇIN SERIŞDE BÖLÜNIP BERLER

Russiýa Federasiýasynda 2024-nji ýyla çenli ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen uly göwrümli maliýe serişdesi bölünip berler.

1604844ef1bff6.jpeg
3 ýyl ozal
GAZAGYSTAN TÄJIGISTANA HOWA GATNAWLARYNY GAÝTADAN DIKELDÝÄR

Gazagystan Respublikasynyň pandemiýanyň öňüni almak boýunça pudagara komissiýasynyň 2021-nji ýylyň mart aýyndan başlap döwletiň Premýer–ministri Ýeraly Tugjanowyň kararyna laýyklykda, Gazagystanyň we Tajigistanyň arasynda Almata – Duşanbe ugry boýunça hepdede 2 gezek howa gatnawlary ýola goýmak meýilleşdirildi.

160484244e3576.jpeg
3 ýyl ozal
HINDISTAN WE ÖZBEGISTAN DOSTLUGYNYŇ TÄZE GADAMLARY

Hindistan we Özbegistan döwletleri özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly tagallalary edýär. Bu barada «Trend» täzelikler agentligi http://iran.ru/ saýtyna salgylanyp habar berýär.

16046579ddcaa6.jpeg
3 ýyl ozal
GAZAGYSTANYŇ “HOWA ÝOLLARY” ÖZBEGISTANA GATNAWLARYNY ÝOLA GOÝDY

Gazagystan döwletiniň habar beriş gullugyyň belleýşi ýaly, gatnawlar howa ýollary kompaniýasynyň saýtynda çap edilen tertipnama laýyklykda, ähli sanitar-epidemik kadalaryna laýyklykda amala aşyrylar.

16046520109b29.jpeg
3 ýyl ozal
ÖZBEGISTAN UÇARDAKY WE OTLYDAKY SYÝAHATLAR ÜÇIN ARZANLADYŞ YGLAN EDÝÄR

Özbegistan Respublikasy ulaglaryň birnäçe görnüşleri boýunça syýahatlaryň bahalaryny arzanlatmak babatda guramaçylykly işleri alyp barýar.

16044edc2b877c.jpeg
3 ýyl ozal
“BUTA AIRWAYS” KIÝEWE GATNAWLARYNY GAÝTADAN ÝOLA GOÝAR

Elýeterli howa gatnawlaryny amala aşyrýan “Buta Airways” kompaniýasy Azerbaýjanyň paýtagty Bakudan Ukrainanyň paýtagty Kiýewe uçar gatnawlaryny dikelder. Baku-Kiýew-Baku aralygynda amala aşyryljak ýörite gatnawlary 1-nji aprelden ýola goýmak meýilleşdirilýär.

1604404b9b3437.jpeg
3 ýyl ozal
AZERBAÝJAN UKRAINA ÝOLAGÇY GATNAWLARYNY DIKELDER

Azerbaýjanyň “AZAL” milli awiasiýa kompaniýasy, şu ýylyň 25-nji fewralynda beren beýanatynda, Baku-Kiýew-Baku aralygyna ýörite ýolagçy howa gatnawlaryny gurajakdygyny mälim etdi. Bu ugur boýunça gatnawlar şu ýylyň 8-nji martynda badalga alyp, her hepdäniň duşenbe, penşenbe günleri amala aşyrylar. Bu barada “AZAL”-yň metbugat gullugyna esaslanyp, “sng.today” habar berýär.

160440399b1adb.jpeg
3 ýyl ozal
ERMENISTANDA AWTOULAG SÖWDASY DIKELDILÝÄR

Ermenistanyň hökümeti ýakyn wagtda awtoulag söwdasy üçin niýetlenen salgytlary azaltmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem, respublikanyň resmileri 2019-njy ýyldan bäri “durgunlyga” düşen awtoulag bazaryny “janlandyrmak” isleýär. Bu barada respublikanyň taslamalary we kanunçylyk namalaryny hödürleýän saýtyna esaslanyp, “sng,today” habar berýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.