Habarlar / Dünýä habarlary
Dünýä habarlary
Blagoweşensk — Heýhe aralygynda ýük gatnawy ýola goýuldy
Blagoweşensk bilen Heýhe aralygyndaky ponton köprüsinden uzaga çeken gepleşiklerden soň, bir gün gijä goýlan halkara ýük daşamasy täzeden ýola goýuldy. Şol gün bäş sany rus ýük awtoulagy uly inženerçilik enjamlaryny import etmek üçin Hytaýa iberildi.
UKRAINLERIŇ uçary MÜSÜRE ILKINJI UÇUŞY AMALA AŞYRDY
Ukrainanyň arzan bahaly awiakompaniýasy “Bees Airline” ilkinji uçuşyny amala aşyrdy UNIAN-yň habar bermegine görä, bu barada Kiýewiň howa menzili Facebook-daky hasabynda beýan edýär.
Hytaýdan konteýner daşamagyň bahalary 30%-e çenli azaldy
Hytaýdan deňiz we demir ýollary arkaly konteýnerleri daşamak üçin nyrhlar mart aýyna çenli azaldyldy. Bu barada ortaça ýanwar-fewral aýlarynyň iň ýokary bahasyndan 30% -e çenli azaldylandygyny «Perwaýa ekspeditor» kompaniýasynyň bilermenleri habar berýär.
Şweýsariýanyň Stadler kompaniýasy Azerbeýjanda dizel-elektrik otlylarynyň gatnawyny ýola goýar
2022-nji ýylda Azerbeýjan döwletine Şweýsariýanyň Stadler kompaniýasynyň täze döreden otlylaryny gatnawa goýar. Bu barada Trende “Ştadler Minsk” mahabat hem-de marketing aragatnaşyklary bölüminiň ýolbaşçyşy Dina Kazakewiç habar berdi.
IATA guramasy howa gatnawlarynyň pandemiýadan öňki görkezijilerine gaýdyp gelmeginiň möhletlerini kesgitledi
Awiasiýa pudagynyň pandemiýadan öňki görkezijilerine gaýdyp gelmegine 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda garaşylýar. Bu barada Halkara howa ulaglary Assosaiýasynyň (IATA) wise-prezidenti Sebastýan Mikoş habar berdi.
Azerbeýjandan Belarussiýa döwletine eksporta ugradylmaly nebitiň mukdary kesgitlenildi
2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Belarussiýa döwletindäki nebitiň eksporta ugradylmaly mukdary 142,5 müň tonna ýa-da 54,43 mln ABŞ-nyň dollaryna barabar boldy. Bu baradaky maglumatlary Belarussiýaiýanyň "Trend" köpçülikleýin habar beriş serişdesi habar berýär.
LATWIÝA AZERBAÝJAN BILEN ÝOLAGÇY GATNAWLARYNY DIKELTMEGI MEÝILLEŞDIRÝÄR
Latwiýa bilen Azerbaýjanyň arasynda howa ýollary arkaly ýolagçy gatnawyny dikeltmek baradaky mesele iki ýurduň hem üns merkezinde durýar.
RUSSIÝADA 2024-NJI ÝYLA ÇENLI ULAG HYZMATLARYNYŇ EKSPORTYNYŇ MÖÇBERI ÝOKARLANAR
Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrliginiň çaklamalaryna görä, 2024-nji ýyla çenli ýurduň ulaglar arkaly daşary ýurtlara eksporty walýuta görnüşinde mese-mälim köpeler.
AZERBAÝJAN BILEN EÝRAN IKITARAPLAÝYN SÖWDA HYZMATDAŞLYGYNY BARHA GIŇELDÝÄR
Azerbaýjan we Eýran ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberini ýylda 3 milliard amerikan dollaryna çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýärler.
ÖZBEK-GAZAK ULAG-KOMMUNIKASIÝA GATNAŞYKLARY ÖSDÜRILÝÄR
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew golaýda gazak kärdeşi Kasym-Jomart Tokaýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň barşynda ulag kommunikasiýasyny ösdürmegiň geljegi, şeýle hem, serhetýaka etraplarda logistika infrastrukturasynyň ýagdaýy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.