Habarlar / Dünýä habarlary
Dünýä habarlary
Awstriýa — Gruzin gatnaşyklary täze tapgyra çykar
Awstriýa döwletiniň kompaniýalary häzirki zaman enjamlary we nou-haular bilen gruzin portlarynyň giňelmegine goşant goşmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Bu meýilleriň ýakyn geljekde amal ediljekdigi barada Awstriýanyň Federal Ýewropa we halkara gatnaşyklar ministrliginiň Trend-e beren maglumatlarynda aýdylýar.
Ýük gatnawlary ulag geçelgesiniň Azerbaýjan böleginde has işjeňleşýär
TRASEKA-nyň hemişelik wekili Rufat Baýramow Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRASEKA) halkara ulag geçelgesiniň Azerbaýjan böleginde ýük gatnawynyň köpelmegi, ilkinji nobatda, Azerbaýjanyň çäginden harytlaryň dowam etmegi bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. Onuň bu sözlerini Trend geçiren söhbetdeşliginiň esasynda getirýär.
Hytaý — Ýewropa ugrunda Gazagystanyň mümkinçilikleri artýar
2020-nji ýylda Gazagystanyň çäginden geçýän Hytaý — Ýewropa ugry boýunça konteýnerlerde ýük daşamagyň mukdary 517,5 müň TEU barabar boldy. Bu görkeziji 2019-njy ýyldakydan 65% köpdür. Bu barada Trend habarlar agentligi Gazagystanyň hökümetiniň habar beriş gullugyna salgylanmak bilen beýan edýär.
BOLGARIÝA-GRUZIÝA DEŇIZ ÝOLLARY HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
Ýakynda Gruziýanyň we Bolgariýanyň kenarýaka dolandyryşlarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň barşynda deňiz nawigasiýasy pudagyny gowulandyrmak üçin göz öňünde tutulýan çäreler kesgitlenildi.
GAZAGYSTAN BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASY YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELDÝÄR
Gazagystanyň diplomatik wekilleri bilen Tatarystanyň «KamaTyresKZ» açyk görnüşli söwda jemgyýetiniň arasynda gol çekilen çarçuwaly ylalaşyga görä, Kostanaý oblastynda awtoulag tekerlerini öndürýän uly zawod gurmak meýilleşdirilýär.
Gruziýa howa gatnawlaryny giňeldýär
Gruziýanyň milli howa ýollar kompaniýasy “Georgian Airways” Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna ýükleri daşamagy amala aşyrjak kömekçi gurluşy — “Georgia Airways Cargo”-ny döretdi. Bu barada Trend habarlar agentligi Georgia Online saýtyna salgylanmak bilen habar berýär.
Domodedowo gümrükhanasy we howa menzili sanlylaşdyrylýar
Domodedowo gümrükhanasy Moskwanyň Domodedowo howa menzilinde kabul edilýän maglumatlary kabul etmegiň we işlemekligiň ýeke-täk ulgamyny taýýarlady. Howa menzili bu tehniki meýilnamany ýerine ýetirmeklik üçin ähli zerur serişdeleri üpjün etdi.
«Azerbaýjan demir ýollary» Gruziýa we Türkiýe bilen bilelikde täze logistik ugurlary işläp düzdi
«Azerbaýjan demir ýollary» kompaniýasy Gruziýadaky we Türkiýe döwletindäki işewürleri bilen bilelikde täze logistik ugry işläp düzdi. Bu taslama dogrusynda TREND habarlar gullugy kompaniýanyň ýolbaşçysy Balahan Nazarowyň beren maglumatlaryny ýetirýär.
«Lufthansa» Azerbaýjana we gruziýa gatnawlarYNY aÇar
Germaniýanyň «Lufthansa» kompaniýasy şu ýylyň iýun aýyndan Gruziýa we Azerbaýjan döwletlerine howa gatnawlaryny ýola goýar. Bu barada TREND habarlar gullugy sahypalarynda beýan edýär. Şeýle-de onda Gruziýanyň howa ýollary kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna salgylanyp, çarşenbe güni bu gatnawlaryň Frankfrut — Tbilisi — Baku aralygynda amala aşyryljakdygy habar berilýär.
«Red Wings» kompaniýasy Azerbaýjana gatnawlary ýola goýmagy meýilleşdirýär
«Red Wings» kompaniýasy COVID-19 ýokanjynyň epidemiologik ýagdaýy kadalaşanda Azerbaýjana, Gazagystana we Özbegistana howa ýollary arkaly gatnawlary ýola goýmaklygy meýilleşdirýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.