Habarlar / Dünýä habarlary
Dünýä habarlary
1605dc60f3e516.jpeg
3 ýyl ozal
Zabaýkalsk menzili arkaly Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky daşary-söwda ýük daşamalary 15%-e golaý artdy

Zabaýkalsk stansiýasy arkaly Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky daşary-söwda gatnawynyň mukdary 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2021-nji ýylyň fewralynda, takmynan, 15% ýokarlandy. Hasap boýunça 1,4 million tonnadan gowrak ýük daşalyp, olaryň 90 %-i eksport edildi.

1605cac54c740f.jpeg
3 ýyl ozal
Moskwanyň täze menziline ilkinji otlular geler

Moskwanyň täze demir ýol menzilinden «Çerkizowo» menziline duralgaly uzak aralyk gatnawynyň petekleriniň satuwy açyldy. 29-njy maýda demirgazyk-günbatardan Moskwanyň üstünden geçýän otlular Russiýanyň sebitlerine, şeýle hem Moskwadan Nižniý Nowgoroda we Iwanowo geler hem-de «Wostoçnyý» wokzal toplumynyň Çerkizowo stansiýasyna baryp ýeter.

1605b85cff253a.jpeg
3 ýyl ozal
Belgiýa demir ýollary arkaly ýük daşamak üçin 7 million ýewro sarp eder

Belgiýanyň hökümeti demir ýol pudagynda ýük daşamagy ösdürmegi meýilleşdirýär. Bu barada hökümetiň wise-premýeriniň hem-de ministriň web sahypasynda habar berilýär.

1605b84c64d398.jpeg
3 ýyl ozal
Blagoweşensk — Heýhe aralygynda ýük gatnawy ýola goýuldy

 Blagoweşensk bilen Heýhe aralygyndaky ponton köprüsinden uzaga çeken gepleşiklerden soň, bir gün gijä goýlan halkara ýük daşamasy täzeden ýola goýuldy. Şol gün bäş sany rus ýük awtoulagy uly inženerçilik enjamlaryny import etmek üçin Hytaýa iberildi.

1605a1d74efbf9.jpeg
3 ýyl ozal
UKRAINLERIŇ uçary MÜSÜRE ILKINJI UÇUŞY AMALA AŞYRDY

Ukrainanyň arzan bahaly awiakompaniýasy “Bees Airline” ilkinji uçuşyny amala aşyrdy UNIAN-yň habar bermegine görä, bu barada Kiýewiň howa menzili Facebook-daky hasabynda beýan edýär.

1605a1b09ae7e3.jpeg
3 ýyl ozal
Hytaýdan konteýner daşamagyň bahalary 30%-e çenli azaldy

Hytaýdan deňiz we demir ýollary arkaly konteýnerleri daşamak üçin nyrhlar mart aýyna çenli azaldyldy. Bu barada ortaça ýanwar-fewral aýlarynyň iň ýokary bahasyndan 30% -e çenli azaldylandygyny «Perwaýa ekspeditor» kompaniýasynyň bilermenleri habar berýär.

1605784d2ed032.jpeg
3 ýyl ozal
Şweýsariýanyň Stadler kompaniýasy Azerbeýjanda dizel-elektrik otlylarynyň gatnawyny ýola goýar

2022-nji ýylda Azerbeýjan döwletine Şweýsariýanyň Stadler kompaniýasynyň täze döreden otlylaryny gatnawa goýar. Bu barada Trende “Ştadler Minsk” mahabat hem-de marketing aragatnaşyklary bölüminiň ýolbaşçyşy Dina Kazakewiç habar berdi.

160577a322b8c7.jpeg
3 ýyl ozal
IATA guramasy howa gatnawlarynyň pandemiýadan öňki görkezijilerine gaýdyp gelmeginiň möhletlerini kesgitledi

Awiasiýa pudagynyň pandemiýadan öňki görkezijilerine gaýdyp gelmegine 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda garaşylýar. Bu barada Halkara howa ulaglary Assosaiýasynyň (IATA) wise-prezidenti Sebastýan Mikoş habar berdi.

160577751f161f.jpeg
3 ýyl ozal
Azerbeýjandan Belarussiýa döwletine eksporta ugradylmaly nebitiň mukdary kesgitlenildi

2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Belarussiýa döwletindäki nebitiň eksporta ugradylmaly mukdary 142,5 müň tonna ýa-da 54,43 mln ABŞ-nyň dollaryna barabar boldy. Bu baradaky maglumatlary Belarussiýaiýanyň "Trend" köpçülikleýin habar beriş serişdesi habar berýär.

16054b98286db7.jpeg
3 ýyl ozal
LATWIÝA AZERBAÝJAN BILEN ÝOLAGÇY GATNAWLARYNY DIKELTMEGI MEÝILLEŞDIRÝÄR

Latwiýa bilen Azerbaýjanyň arasynda howa ýollary arkaly ýolagçy gatnawyny dikeltmek baradaky mesele iki ýurduň hem üns merkezinde durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.