Habarlar / Dünýä habarlary
Dünýä habarlary
Gazagystanyň iň uly şäherinden Stambula howa gatnawlary açylar
Gazagystanyň Türküstan şäherinden Türkiýäniň Stambul şäherine gönümel howa gatnawlary açylar. Bu barada «Trend» habarlar agentligi «Kazinform» köpçülikleýin habar beriş serişdesine salgylanyp habar berýär.
TÜRK AWIAKOMPANIÝASYNYŇ UÇARLARY BAKU ŞÄHERINE GATNAWY ÝOLA GOÝAR
Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň şahamçasy hasaplanylýan “Anadolujet” awiakompaniýasynyň uçarlary şu ýylyň 19-njy martyndan, Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine yzygiderli howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär.
Azarbaýjanyň ýol infrastrukturasy täze elektrokarlaryň talabyna laýyk gelýär
Baku TREND-iň habar bermegine görä, Azerbaýjanda import üçin ekologiýa taýdan arassa awtoulaglar üçin ýol infrastrakturasyny üýtgetmegiň geregi ýok.
Gazagystanyň "BARYS" ýük gämisi Baku portuna geldi
Gazagystanyň "BARYS" ýük gämisi Aktau-Baku-Aktau ugry boýunça ýük gatnawyny amala aşyrmak maksady bilen üsti ýükli Baku portuna geldi.
Baku – Tblisi – Kars demirýol ugry boýunça Türkiýeden Hytaýa harytlar iberildi
Azerbeýjanyň demirýollary edarasynyň garamagyndaky «ADY Container» hojalyk jemgyýetiniň habar bermegine görä, Baku – Tblisi – Kars demirýol ugry boýunça Türkiýeden Hytaýa harytlar iberildi. Ýüküň barmaly nokady Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan şäheridir. Demirýol 41 sany 40 futlyk konteýnerlerden ybaratdyr. Türkiýeden iberilen ýük Baku şäherine ýetenden soň Gazagystanyň Aktau portuna eltiler we ondan hem demirýollary boýunça Hytaýa ugradylar.
ÖZBEGISTAN BILEN EÝRAN ULAG-KOMMUNIKASIÝA ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELDÝÄR
Tegerana resmi sapar bilen baran Özbegistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Furkat Sidikow Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri Muhmmad Eslami bilen duşuşdy. Bu barada “Dunýo” saýtyna salgylanyp, “Trend” habar berýär.
Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan demir ýol taslamasy boýunça üç taraplaýyn bilermenleriň maslahatlary yzygiderli geçirilýär
Gyrgyzystan Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän transkontinental transport ugrunda geljegi uly bolan baglanyşyklaryň birine öwrüljek Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan demir ýolunyň gurluşygyna uly ähmiýet berýär.
Hytaý awtoulag kompaniýasy öz hereketlendirijilerine ömürlik kepillik berdi
Hytaý Halk Respublikasynyň «Chery» kompaniýasy öndüren awtoulag hereketlendirijilerine ömürlik kepillik borçlaryny öz üstüne aldy. Häzirlikçe bu ýagdaý diňe Hytaýyň çäklerinde we kompaniýanyň «Tiggo» we «Arizzo 5» awtoulaglarynda ýerleşdirilen hereketlendirijilere degişlidir.
ULAG INFRASTRUKTURASYNY DÖWREBAPLAŞDYRMAK ÜÇIN SERIŞDE BÖLÜNIP BERLER
Russiýa Federasiýasynda 2024-nji ýyla çenli ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen uly göwrümli maliýe serişdesi bölünip berler.
GAZAGYSTAN TÄJIGISTANA HOWA GATNAWLARYNY GAÝTADAN DIKELDÝÄR
Gazagystan Respublikasynyň pandemiýanyň öňüni almak boýunça pudagara komissiýasynyň 2021-nji ýylyň mart aýyndan başlap döwletiň Premýer–ministri Ýeraly Tugjanowyň kararyna laýyklykda, Gazagystanyň we Tajigistanyň arasynda Almata – Duşanbe ugry boýunça hepdede 2 gezek howa gatnawlary ýola goýmak meýilleşdirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.