Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
30-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko şanly 70 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri bilen duşuşdy
28-nji awgustda günüň ikinji ýarymynda Tähranda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen duşuşdy.
Türkmenistan — Eýran: döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim
28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
27-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Dragon Oil” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýrana ugrady
28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Arçman” şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.