Habarlar / Hepdäniň möhüm wakalary
Hepdäniň möhüm wakalary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde aprel aýynda geçirilen çäreler — köp sanly iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, maslahatlar Garaşsyz Türkmenistanyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha artýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
3-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, şeýle hem beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
2-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.

Türkmenistan ösüşleriň ýolunda bedew bady bilen öňe barýar
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralar geçen hepdäniň wakalaryna aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu günki gün şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleri döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döredijilik kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Katar Döwletiniň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlarymy, mähirli gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn. Siziň Alyhezretiňize abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy, Siziň doganlyk ýurduňyza bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisiniň duşuşygy
28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi bilen duşuşygy
28-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.